Sepleriň elýeterliligi

“Türkmenbaşy” deňiz portuna täze tanker gowuşdy


Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” adyndaky halkara deňiz portuna “Bitarap” atly täze tanker gowuşdy. Bu tanker nebit we himiýa önümlerini daşamak üçin niýetlenen.

Berilýän maglumatlara görä, 4450 tonna ýük daşamaga ukyby bolan bu tankeriň bahasy 10.8 million amerikan dollaryna deň. Bu tanker Orsýetiň Wolgograd şäheriniň gämi ýasalýan zawodynda ýasalan.

Mundan owal, Türkmenistanyň deňizçilerine başga-da Orsýetde ýasalan üç sany - “Hazar”, “Sumbar” we “Jeýhun” atly tankerler gowşupdy.
XS
SM
MD
LG