Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda türmeden gaçanlaryň 7-si Owganystanda ele salyndy


Täjigistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň berýän maglumatyna görä, şu ýylyň awgustynda türmeden gaçan 25 tussagyň 7-si goňşy Owganystanda ele salnypdyr.

Täjigistanyň Döwlet howpsuzlygy boýunça milli komitetiniň metbugat wekili Nozirjon Buriýewiň aýtmagyna görä, şol tutulanlaryň arasynda güýç bilen hökümet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanyşygynda aýyplanýan iki sany täjik raýaty hem bar.

Şeýle-de, ele salnanlaryň arasynda ýarag daşamakda we adam öldürmekde aýyplanýan üç sany owgan raýatynyň hem bardygy habar berilýär. Beýleki iki tussagyň milleti entek aýan edilmedi.

Häzirki wagt türmeden gaçan şol 25 sany gaçgakdan öldürlienleriniň we tussag edilenleriniň sany 17-ä ýetdi.
XS
SM
MD
LG