Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensiýa ulgamyna nämeler garaşýar?


Halkara zähmet guramasy (ILO) 2020-nji we ondan soňraky ýyllarda dünýäde garry nesliň artmagynyň ykdysady çökgünliklere getirjegini tassyklady.
Halkara zähmet guramasy (ILO) 2020-nji we ondan soňraky ýyllarda dünýäde garry nesliň artmagynyň ykdysady çökgünliklere getirjegini tassyklady.
Şu günler Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Aşgabatda welaýat we etrap bölümleriniň işgärlerini ýygnap, 2011-nji ýyldan başlap, täze giriziljek pensiýa düzgünleri hakynda tanyşdyryş okuwyny geçirýär. Giriziljek düzgünler 2007-nji ýylyň 17-nji martynda kabul edilen “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” kanundan gelip çykýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda pensiýa düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak hakynda kän bir alada hem edilmedi. 1994-nji ýylda Bütindünýä banky özüniň “Dünýäniň garramaklyk krizisine duýduryş” diýen hasabatyny çap edýär. Şoňa çenli köp ýurtlar, şol sanda Türkmenistan hem pensiýa sistemasynda “serişdeleri nesilleriň arasynda paýlamak”, ýagny “Pay – As – You – Go” düzgünini saklap gelýärdi.

Halkara zähmet guramasy (ILO) 2020-nji we ondan soňraky ýyllarda dünýäde garry nesliň artmagynyň ykdysady çökgünliklere getirjegini tassyklansoň, köp döwletler pensiýa reformalaryna girişýär. Halkara zähmet guramasy öz çykaran hasabatynda reformalaryň her bir döwletiň içki ykdysady we milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulyp geçirilmelidigini nygtaýar.

Ýurtlaryň esasy bölegi 1981-nji ýylda Çili döwletinde girizilen “şahsy toplaýyş hasabyny” döretmek ýoluny saýlap alýarlar. Ykdysatçylar inflýasiýanyň we bazar töwekgelçiliginiň öňünde bu ýoluň goragsyzdygyny belleselerem, döwlet ykdysadyýetine ýykgyn edýän Hytaý halk respubliksasy ony 1997-nji ýylda ýurtda doly girizip başlady. Bularyň göreldesini goňşy Gazagystan hem alyp göterdi. 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Gazagystanda “şahsy toplaýyş hasaby” döredildi. Oňa ýurduň raýatlary öz girdejileriniň 10%-ini geçirmeli edildi. Bu reformanyň Gazagystanda üstünlikli amala aşyrylanlygy aýdylýar.

Dünýäde ykdysady krizisiň möwç almagy pensiýä sistemasyna hem öz täsirini ýetirdi. Pensiýa sistemasynyň iki sany duşmany bar. Olaryň birinjisi, ilatyň garramagy, ikinjisi-de, inflýasiýadyr. Şol howpdan goranmak üçin şu günler Fransiýa döwleti pensiýa sistemasyna mejbury ýagdaýda käbir üýtgeşmeleri girizmeli boldy. Olar maýa çökgünligi sebäpli pensiýa çykmak ýaşyny 60 ýaşdan 62-ä galdyrdylar. Bu ýagdaý hem garaşsyz profsoýuzlaryň gurnamagynda hökümetiň ýöredýän reformasyna garşy demonstrasiýalaryň we piketleriň geçirilmegine sebäp boldy.

Ilkinji gezek


Türkmenistan özüniň 2007-nji ýylda kabul eden “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” kanunynda Günbatar ýurtlaryň tejribesiniň käbir ýollaryny saýlap aldy. Kanunyň 10-njy maddasynda Türkmenistanda hereket edýän pensiýa ulgamlary hakynda aýdylýar: “Türkmenistanda pensiýa üpjünçiliginiň esasyny arkalaşyk, şertli-toplaýyş we toplaýyş usullary düzýär”. Bu usullaryň üçünjisini Türkmenistan ilkinji gezek ulanýar.

Kanunda bu usula şeýleräk düşündiriş berilýär: “Şertnamalaýyn zähmet ulanylmaýan şahsy kömekçi, öý hojalygy we hususy telekeçilik işi we başga zähmet bilen meşgullanýan raýatlara hem-de özbaşdak iş bilen meşgullanýanlara degişli bolup, olaryň meýletin pensiýa gatançlaryna esaslanýar”.

Ýanwar aýyndan başlap, pensiýa ulgamyna girizilmeli edilen üýtgeşmeler kanunyň ýokarda agzalyp geçilen 10-njy maddasynyň 3-nji toplaýyş usulyna degişlidir. Kanun kabul edilip, güýje girensoňam, onuň 10-njy maddasynyň 3-nji toplaýyş usuly praktikada ulanylmady ýa-da şertleýin ulanyldy. Bu toplaýyş usuly raýatlar bilen meýletin şertnamanyň baglaşylýandygy sebäpli, telekeçiler we beýleki öý işgärleri bu meselede döwletiň geçirýän işlerine ynamlarynyň gaçanlygy üçin salgyt tölemekden boýun gaçyryp geldiler.

2011-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, türkmen hökümeti kanunda telekeçilere we öý-hojalykçylara salgytlaryň meýletin töledilýänligine seretmän, ony güýç ulanmak bilen amala aşyrmakçy. Bu meselede Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň işgärlerine ýerli polisiýa işgärleriniň berkidiljekdigi barada maglumatlar bar.

Sebäp näme?

Türkmen hökümetiniň döwlete degişli bolmadyk toparlara garşy güýç ulanmagyna nämeler sebäp bolup biler? Elbetde, onuň jogabyny dünýäde we ýurduň içinde dowam edýän ykdysady we maliýe çökgünligi bilen düşündirip bolar.

Türkmenistana köp ýyllaryň dowamynda, hatda häzire çenli-de adaty ykdysady reformalary geçirmänligi (hususy eýeçiligiň hemme ugurlaryna ýol açylmanlygy, bank ulgamlarynyň erkin dälligi, ýerliksiz çykdajylar bilen býujetiň çişirilmegi, işsiz adamlaryň sanynyň artmagy we olaryň anyk jeminiň hasabynyň ýöredilmeýänligi) üçin pensiýa ulgamynyň pul ýygymyny doly görnüşde saklamak, elbetde, başartmaz. Eger Çili döwletinde pensiýadaky 1 (bir) adamyň paýyna 12,8 işleýän işçi düşýän bolsa, onda Türkmenistanda bu san 3,8-e deňdir. Finlýandiýada pensiýa çykdajylaryna umumy içerki önümiň 14%-i harç edilse, Türkmenistanda ol 1,6%-e barabardyr.

“The world factbook 2009” kitabynda Türkmenistanyň umumy içerki önüminiň 2008-nji ýylda 26 milliard dollardan gowrak bolandygy habar berilýär. Şu görkezijileriň özi hem Türkmenistanda bu meselä biparh garalýanlygyny subut edýär.

Halkdan salgyt ýygnamak, olara ony meýletin töletmek medeniýetini girizmek iň kyn meseleleriň biri bolup durýar. Perunyň belli ykdysatçysy Ernando de Soto özüniň “Özge ýol” atly kitabynda “Ykdysady çökgünlik döwründe garyplykda ýaşap gelýän halkyň arasynda salgyt syýasatyny zor bilen girizmek netije bermeýär. Şonuň üçin bu meselede ikitaraplaýyn bähbitli usuly ulanyp, salgyt syýasatyny amala aşyryp bolar” diýip, reforma edýän we geljekde ony etjek ýolbaşçylara maslahat berýär. Türkmenistanda bu ykdysatçynyň tejribesi ulanylsa, halka we döwlete peýda getirerdi.

Türkmenistanyň ilatynyň 30%-niň garyplykda we umumy işe ukyply adamlaryňam 45%-den gowragynyň işsizdigi aýdylýar. Şeýle görkezijiler üýtgewsiz galsa, hökümet kimden salgyt ýygnap bilerkä?

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG