Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko öz ýurdunda rewolýusiýanyň bolmajakdygyny aýdýar


Düýn Belarysyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko öz ýurdunda “rewolýusiýanyň ýa-da jenaýatçylygyň bolmajakdygyny”duýdurdy.

Ol bu barada düýn metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda belledi we gelejkde protestlere çydam etmejekdigini aýtdy.

Belarysyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, ýekşenbu günki saýlawlarda A.Lukaşenko sesleriň jemi 80 prosentini alyp, ýeňiş gazanypdyr.

Ýekşenbe gijesi müňlerçe protestçiler ýöriş geçirdiler we häkimiýetleri saýlawlary köpçülikleýin galplaşdyranlykda aýypladylar. Polisiýa protestçilere gazaply darady we ýüzlerçe adamy tussag etdi.
XS
SM
MD
LG