Sepleriň elýeterliligi

ÝB Türkmenistanda habar serişdelerini ösdürmek barada alada edýär


Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasy bilen duşuşyk boldy.

Bu delegasiýa Bileleşigiň Türkmenistanda köpçülikleýin habar serişdelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky proýektiniň başlygy Maýkl Rendallo ýolbaşçylyk edýär.

Bu duşuşykda Türkmenistanyň habar serişdeleriniň işini ösdürmek barada gürrüň edildi. Maýkl Rendallo Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa strategiýasy boýynça gatnaşyklaryny hasam ösdürjekdigini aýtdy.

Düýn Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasy Türkmenistanyň Medeniýet we teleradiogepleşikler ministrliginde-de gepleşikler geçirdi we onda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG