Sepleriň elýeterliligi

Şirin Ebadi türmedäki ýuristiň ýagdaýyna alada bildirýär


Eýranly Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadiniň aýtmagyna görä, Tähran ynsan hukuklaryny goraýjy ýurist Nasrin Sotoudehi türmeden boşatmalydyr.

Ýurist Nasrin Sotoudeh hökümete garşy propaganda ýaýradanlykda aýyplanyp, tussag edilipdi. Düýn Şirin Ebadi özüniň BMG-niň adam hukuklary boýunça Ženewadaky edarasyndan Nasrin Sotoudehiň meselesine goşulyşmagyny sorandygyny aýtdy.

Nasrin Sotoudeh 2009-njy ýylyň iýunyndaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soňky bidüzgünçilikleri gurnanlykda aýyplanýanlara, oppozisiýa aktiwistlerine we siýasatçylara aklawjy bolupdy.

Ebadiniň aýtmagyna görä, Sotoudehiň janyna türmede howp abanýar. “Sotoudehi özüniň saklanýan şertlerine protest hökmünde 15 günläp nahar iýmekden we suw içmekden boýun gaçyrdy” diýip, Şirin Ebadi alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG