Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýer-ministri ABŞ-a duýduryş berýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan prezident Barak Obamany ABŞ-nyň Kongresiniň Birinji jahan urşunda ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagyny genosid diýip ykrar etmek planlaryna garşy çykmaklyga çagyrdy. Bu barada düýn Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogy mälim etdi.

Ahmet Dawutoglunyň parlamentde aýtmagyna görä, premýer-minisetr Rejep Ärdogan prezident Obama hat ýollapdyr we eger şeýle rezolýusiýa Kongresde kabul edilse, onuň iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetirjekdigini duýdurypdyr.

Şu mesele barada şu gün ABŞ-nyň Kongresinde debat bolar. Ermenistan 1915-1917-nji ýyllarda şol wagtky Osman imperiýasyndaky türkleriň 1.5 million ermenini öldürendigini we munuň hem genosiddigini tekrarlaýar. Türkiýe bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG