Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko dördünji gezek prezident


Lukaşenko düýn Minskide metbugat konferensiýasynda tutulanlaryň sanynyň 600-den ýokarydygyny aýtdy.
Lukaşenko düýn Minskide metbugat konferensiýasynda tutulanlaryň sanynyň 600-den ýokarydygyny aýtdy.
Aleaksandr Lukaşenko dördünji gezek prezidentlige saýlandy. Saýlaw komissiýasynyň başlygy Lidiýa Ýermoşina düýn onuň birinji tapgyrda sesleriň 80 prosente golaýyny alyp, aýgytly ýeňiş gazanandygyny bildirdi. Ýermoşina şeýle diýdi: “5,122,866 adam ýa-da saýlawçylaryň 79,67 prosenti Aleksandr Lukaşenko ses berdiler”.

Ýöne bu resmi ýeňiş ýurtda gazaply hereketleriň turmagyna getirdi. Polisiýa işgärleri we näbelli howpsuzlyk güýçleri bilen oppozision protestçileriň arasynda çaknyşyklar turdy. Polisiýa demonstrantlara hüjüm edip, ýüzlerçe adamy tutdy. Bularyň ýedisi saýlawda Lukaşenkonyň bilen dalaşa giren kandidatlar.

Lukaşenko düýn Minskide metbugat konferensiýasynda tutulanlaryň sanynyň 600-den ýokarydygyny aýdyp, çaknyşyklary sowuldy hasap edip, şeýle diýdi: “Men ine şu ýerde resmi taýdan habar berýärin: ýurdumyzdaky uruşlar düýn tamamlandy. Ýurtdaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak baradaky synanyşyklara indi çydamlylyk görkezilmez”.

Prezidentlige kandidatlaryň biri, protestlerde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilendigi sebäpli keselhana düşen 64 ýaşly Uladzimir Nýeklýaýew hem ýekşenbe güni tutuldy. Onuň aýaly graždan eşikli adamlaryň keselhana gelip, ony alyp gidendiklerini aýtdy.



ÝB ýazgarýar

Demonstrantlaryň garşysyna häkimiýetler tarapyndan güýç ulanylmagyny çet ýurtly resmiler gaharly ýazgardylar. Bularyň biri Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton. Onuň beýannamasyny žurnalistlere sözçi Maýa Koçijançiç okap berdi.

“Beýannamada ýokary wekil Katerin Aşton Belarusda düýn geçen prezidentlik saýlawlaryndan soň zorluk ulanylmagyny ýazgarýar. Ol aýratyn-da oppozision ýolbaşçylaryň, şol sanda prezidentlige kandidatlaryň-da, urlup-ýenjilmegini, tussag edilmegini ýazgaryp, häkimiýetleri bu tutulanlary boşatmaklyga çayrýar” diýip, Kaçijançiç aýtdy.

Waşingtonda hem Döwlet Departmentiniň sözçüsi Filip Kowleý “özleriniň düýp hukuklaryndan” peýdalananlaryň boşadylmagyny talap etdi. Krowleý bu barada: “Belarus hökümeti bu tutulanlary aradan salym geçirmän boşatmaly. Biz şeýle hem häkimiýetlere öňümizdäki günlerde öz erkine eýe bolup, özleriniň düýp hukuklaryndan peýdalanan bu adamlara zyýan ýetirmezlik, olary gorkuzmazlyk we tussag etmezlik barada duýduryş berýäris” diýdi.

Moskwa başgaça garaýar

Moskwanyň bolsa saýlawlara berýän bahasy garaşsyz synçylaryňkydan has oňaýly. Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gözegçi topary: “Saýlawlaryň alnyp barlyşy kanuna laýyk” diýdi.

Prezident Medwedew hem ses berişligi “Belarusyň öz içki işleri, onuň ösmegi üçin bir mümkin ädim” diýip häsiýetlendirdi. “Men bu saýlaw netijesinde Belarusyň döwrebap döwlet bolmagyny, onuň demokratiýa we öz goňşulary bilen dostluk esasynda ösmegini dowam etdirmegini umyt edýärin” diýip, ol öz pikirini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG