Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Belarus hökümeti syýasy partiýalary dargytmak haýbatyny atýar


Belarusyň hökümeti ýekşenbe güni prezidentlik saýlawlaryndan soňra geçirilen protestlere gatnaşan syýasy partiýalary dargytmak barada haýbat atdy.

Belarusyň Adalat ministri Wiktor Golowanowyň aýtmagyna görä, bu protestlere haýsy partiýalaryň gatnaşandygyny hökümet derňär. Bu protestlere gatnaşan partiýalaryň ýatyrylmagy baradaky meseläniň-de galdyryljakdygyny Golowanow sözüne goşdy.

Protestlerde ýurduň polisiýasy we howpsuzlyk güýçleri oppozisiýadan prezidentlige kandidatlaryň dokuzysyndan ýedisini tussag edipdi. Olaryň bäşisi entegem tussaglykda saklanýar.

Oppozisiýanyň müňlerçe tarapdarlary prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenkonyň bähbidine köpçülikleýin galplyklaryň bolandygyny öňe sürüp, protest geçirdiler.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, A.Lukaşenko sesleriň 80 prosent töweregini alypdyr.
XS
SM
MD
LG