Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň häkimiýetleri Demirgazyk Koreýa çagyryş edýär


Şu gün Hytaý Koreý ýarym adasyndaky dartgynly ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin Demirgazyk Koreýany BMG-niň ýadro inspektorlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Bu baradaky özgerişler Birleşen Ştatlaryň resmi däl wekili Bill Riçardsonyň Pekine barmagyndan soňra boldy.

Mundan owal Riçardson Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanda alty günläp ýurduň resmileri bilen olaryň ýadro programmasy boýunça gepleşik geçiripdi.

Riçardsonyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň resmileri BMG-niň atom inspektorlarynyň täzeden ýurda bärmagyna razylyk beripdirler.
XS
SM
MD
LG