Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň günorta-gündogarynda 6.5 ball ýer yranma boldy


Eýranyň günorta-gündogarynda dörän 6.5 ball ýer yranmada adam pidalarynyň bardygy habar berilýär.

Eýranyň Kerman welaýatynyň häkimi Esmail Najjar bu ýer yranma sebäpli azyndan 7 adamyň ölendigini, ýüzlerçe adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýüzlerçe adamyň entegem ýykylan binalaryň harabalyklarynyň astynda galýandygyny mälim etdi.

Eýran mediasynyň berýän maglumatlaryna görä, bu ýer yranmanyň episentri Husseinabad şäherinde bolupdyr. Ýer yranma sebäpli azyndan üç obada ýykgynçylygyň bolandygy aýdylýar.

Bu ýer yranmadan soňra sebitdäki aragatnaşyk liniýalaryna-da zeper ýetdi.

2003-nji ýylda Eýranyň Bam şäherinde bolan ýer yranmada 30 müň töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG