Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan Gyrgyzystana akdyrýan tebigy gazyny azaltdy


Gyrgyzystanyň resmileriniň aýtmagyna görä, Özbegistan Gyrgyzystanyň günorta regionlaryna tebigy gazyň akdyrylmagyny azaldypdyr. Munuň sebäbi Gyrgyzystanyň Özbegistana gaz üçin bergileri bilen düsündirilýär.

Oş regionynyň häkiminiň orunbasary Şuhrat Sabirowyň aýtmagyna görä, Özbegistan önki her günde akdyrýan 90 müň kub metr gazynyň ýerine indi 72 müň kub metr gaz akdyryp baslapdyr.

Seýle-de, Sabirow Gyrgyzystanyn Özbegistana gaz üçin 950 müň dollar bergisiniň bardygyny hem sözüne gosdy.

Döwlet eýeçiligindäki “KyrgyzGaz” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Nurlan Jaildinow gaz bilen bagly meseleleri maslahat etmek üçin geljek hepde özbek we gyrgyz resmileriniň geplesik gerirjekdiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG