Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS Türkmenistany suda berýär


Türkmenistanyň territoriýasyndaky iň uly mobil operatory bolan MTS kompaniýasy ýurduň Aragatnaşyk ministrligini Halkara arbitraž suduna berýär. Bu barada kompaniýanyň resmi metbugat beýanatynda aýdylýar.

21-nji dekabrda Orsýetiň MTS mobil kompaniýasy Türkmenistanda öz aragatnaşyk hyzmatlaryny togtatmaly bolupdy. Bu baradaky resminama MTS kompaniýasyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan 15-nji dekabrda berlipdir.

GDA-nyň çägindäki iň uly mobil operatory bolan MTS kompaniýasyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan iberilen resminamada bu kompaniýanyň iş lisenziýasynyň bir aýlyk togtadylýandygy aýdylýar.

“Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi üçtaraplaýyn şertnamanyň birnäçe düzgünlerini bozandygy üçin MTS kompaniýasy Halkara söwda palatasynyň ýanyndaky Halkara arbitraž suduna ýüz tutdy” diýip, MTS habar berýär.

Üçtaraplaýyn ylalaşyk

Şeýle hem MTS-iň Türkmenistandaky golçur kärhanasy bolan BCTI kompaniýasynyň lisenziýasynyň togtadylmagy boýunça Türkmenistanyň arbitraž suduna-da şikaýat edildi diýip, Orsýetiň MTS kompaniýasy aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “TürkmenTelekom” we “Altyn Asyr” kompaniýalary hem BCTI kompaniýasy bilen özara ylalaşyklaryny esassyz ýatyrandyklary üçin suda berildi diýlip, MTS kompaniýasynyň beýanatynda mälim edilýär.

MTS kompaniýasy Türkmenistanda 2005-nji ýylyň noýabr aýynda BCTI, MTS kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn ylalaşyk esasynda iş alyp barýardy.

2005-nji ýylyň 21-nji dekabryna çenli BCTI kompaniýasy Türkmenistanda gazanýan net girdejisiniň 49%-ni özüne alýardy. Şondan soň bu möçber 20%-e düşürildi. MTS bolsa girdejisiniň 20%-ni Türkmenistanyň býujetine geçirip başlady.

Ylalaşygyň möhleti şu ýylyň 21-nji dekabrynda tamamlandy. Şertnama laýyklykda, MTS lisenziýasynyň möhletini bir aý öňünden uzaltmak barada ýurduň Aragatnaşyk ministrligine ýüz tutanda, tassyknamany alyp bilmändir.

Aşgabat dymýar

“Şertnamanyň möhletiniň uzaldyljakdygyna ynanmaga hemişe esas bardy. Dokumentiň möhletini resmi taýdan uzaltmak üçin Aragatnaşyk ministrligine ýüz tutuldy. Emma ol ylalaşyga laýyklykda hereket etmedi” diýip, MTS aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti MTS bilen bagly hereketleri babatda metbugata kommentariýa bermekden saklanýar. Ýurduň habar serişdelerinde-de kompaniýanyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň häzirki ýagdaýy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

MTS-iň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça direktory Ýelena Kohanowskaýa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kompaniýanyň lisenziýasynyň ýatyrylmagynyň anyk sebäpleri barada resmi düşündirişiň ýokdugyny aýtdy.

«Türkmen tarapyndan hiç hili düşündiriş almadyk. Biz häzir nähilidir bir düşündirişe garaşýarys hem-de mesele kadalaşdyrylar we düşünişmezlikler aradan aýrylar diýip umyt edýäris» diýip, Kohanowskaýa aýtdy.

Şu ýyl MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň sanynyň 2 milliondan geçendigini «Sistema» aksioner korporasiýasynyň ýolbaşçysy Leonid Melamed türkmen prezidenti bilen duşuşygynda habar beripdi.
XS
SM
MD
LG