Sepleriň elýeterliligi

Belarusda 600-den gowrak oppozision aktiwist tussag edildi


Belarusyň häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, Aleksandr Lukaşenkonyň täze möhlete prezident saýlanmagynyň yzy bilen geçirilen protestlerde 600-den gowrak oppozision aktiwisti tussag edilipdir.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, aktiwistler 5 günden 15 gün aralygynda türmä basylypdyrlar.

Prezidentlik saýlawlaryna gatnaşan oppozisiýanyň 9 kandidatynyň 7-si ýekşenbede tutulanlary bäri wagtlaýyn tussaghanada galýarlar. Belarusyň adalat ministri Wiktor Golowanowyň sözlerine görä, Minskdäki protestlere kömek eden syýasy partiýalaryň dargadylmagy hem mümkin.

Düýn oppozisiýa toparlary “raýdaşlyk kompaniýasyny” geçirenden soňra, elleri şemli onlarça adam Minskdäki wagtlaýyn tussaghananyň daşyna ýygnandy.

Düýn ABŞ-nyň prezident administrasiýasynyň metbugat wekili Robert Gibbs “Amerikanyň Birleşen Ştatlary Belarusyň hökümetiniň demokratik prosese zyýanly hereketlerini berk ýazgarýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG