Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Komissiýasy howa gatnawlarynyň ýagdaýyna alada bildirýär


Ýewropa Komissiýasy soňky günlerde Ýewropanyň käbir ýurtlarynyň howa gatnawlarynda emele gelen ýagdaýlara “kabul ederliksiz” ýagdaý diýip baha berdi.

Ýewropa Komissiýasynyň transport meselesi boýunça jogapkär wekili Siýma Kallasyň beýannamasynda uçar reýsleriniň ýatyrylmagynyň ýa-da gaýra süýşürilmeginiň jogapkärçiliginiň aeroportlary dolandyrýan şirketleriň boýnuna düşýändigi aýdyldy.

Beýannamada bu şirketleriň gazaply sowuga we güýçli gar ýagmagyna ýeterlik taýýarlyk görmändigi bellendi. Hut şeýle ýagdaýlar sebäpli, Londonyň, Parižiň, Frankfurtyň we käbir beýleki şäherleriň aeroportlarynda howa reýsleri ýatyryldy.
XS
SM
MD
LG