Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýa bilen Bolgariýanyň Şengen zonasyna goşulmazlygy mümkin


Düýn Fransiýa we Germaniýa Ýewropanyň 25 döwletiniň raýatlarynyň wizasyz syýahat edip bilýän Şengen zonasyna täze ýyldan Bolgariýanyň we Rumyniýanyň goşulmagyna böwet boldular.

Ýewropa Komissiýasynyň metbugat wekili Mişel Sersonäniň aýtmagyna görä, Fransiýanyň we Germaniýanyň içeri işler ministrleriniň Ýewropa Komissiýasyna ýollan hatlarynda 2011-nji ýylyň martyndan Rumyniýanyň we Bolgariýanyň Şengen zonasyna goşulmagynyň “howlukmaç çäre” boljakdygy nygtalypdyr.

Rumyniýanyň we Bolgariýanyň Şengen zonasyna goşulmagyna rugsat edilmegi üçin Bileleşige agza döwletleriň ählisiniň razylygy zerur. Iki ministr Ýewropa Bileleşiginiň içerki işler boýunça komissaryna ýollan bu hatlarynda Bolgariýanyň we Rumyniýanyň korrupsiýa hem-de guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşindäki kemçiliklerine salgylandylarlar.
XS
SM
MD
LG