Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň öňki saglyk ministri sud jogapkärçiligine çekiler


Gazagystanyň öňki saglyk ministri Žakşylyk Dosgaliýew ýanwarda sud jogapkärçiligine çekiler.

Ol wezipesinden hyýanatçykly peýdalananlykda, kezzapçylykda, para alanlykda we bikanun emläk satanlykda aýyplanýar.

Dosgaliýewiň aklawçylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, ony duşenbe gününden sorag edip başlapdyrlar. Şu ýylyň başlarynda infarkty başdan geçireli bäri, Žakşylyk Dosgaliýewiň saglyk ýagdaýy ýaramaz bolmagynda galýar diýip onuň aklawçylary habar berdiler.

Gazagystanyň maliýe polisiniň aýtmagyna görä bolsa, lukmanlar Žakşylyk Dosgaliýewiň haýyşy bilen, oňa infarkt bolandygy barada galp diagnoz goýandyklaryny boýun alypdyrlar.
XS
SM
MD
LG