Sepleriň elýeterliligi

Wengriýa media gözegçilik ediji kanunyň proýektini tassyklady


Düýn Wengriýanyň parlamenti köpçülikleýin habar serişdeleri barada jedelli kanunyň proýektini tassyklady. Ol döwlete medianyň işini gözegçilikde saklamaga we hususy habar serişdelerini jezalandyrmaga ygtyýar berýär.

Täze kanuna görä, eger çap edilýän we internet neşirleri wakalary deňagramly habar bermeseler, kimdir-biriniň şahsiyýetini kemsitseler, ahlagyň ähliumumy normalaryny bozsalar ýa-da jemgyýetçiligi gyzyklandyrýan waka barada maglumat bermeseler, onda olara medianyň işi barada ýakynda döredilen geňeş jerime salyp bilýär.

Wengriýadaky bu täze kanynyň 1-nji ýanwardan güýje girmegine garaşylýar. Oppozisiýa partiýalary, žurnalistler birleşigi we medianyň wekilleri bu kanuna garşy çykyş edýärler.
XS
SM
MD
LG