Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa bilen Orsýet birek-biregiň diplomatyny deportasiýa etdiler


Düýn Beýik Britaniýa bilen Orsýet hersi Londondaky hem Moskwadaky bir diplomaty deportasiýa etdiler.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýgiň sözlerine görä, 10-njy dekabrda Britaniýanyň hökümeti Orsýetiň Londondaky ilçihanasynyň bir diplomatyny ýurtdan çykarmagy sorapdyr.

Şol diplomata Britaniýanyň bähbitlerine ters gelýän içalyçylykly iş alyp baranlykda şübhe bildirilýär. Moskwa muňa jogap hökmünde Britaniýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň bir işgärini ýurtdan çykardy.

Britaniýanyň häkimiýetleri öz diplomatynyň içalyçylykda aýyplanmagynyň esassyzdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG