Sepleriň elýeterliligi

Putine sorag kän


Premýer-ministr Wladimir Putin telewideniýe arkaly soraglary jogaplaýar, 16-njy dekabr.

Premýer-ministr Wladimir Putin telewideniýe arkaly soraglary jogaplaýar, 16-njy dekabr.

Gowy oýnalyp, oňat sahnalaşdyrylan syýasy spektallary biziň hemmämiz gowy görýäris. Muny boýun almak gerek. Dabaraly, rituallaşdyrylan hereketleriň telewideniýede millionlarça tomaşaçynyň öňünde ýerine ýetirilmeginiň halamzça nämesi bar?

Ol köçeden barýan bir owadan aýal ýaly seniň ruhuňy göterýär. Ertir şol öňki yzgarly jaýyňda ukudan oýananyňda, maşgala agzalaryň “Biziň özümize gerek zatlary satyn alara name üçin gurbumyz çatanok?” diýen sorag bilen ýüzüňe garap duran hem bolsa, sen öz ýurduňa we syýasatçylaryňa guwanýarsyň.

Bu oýunlara indi on ýyldan gowrak Orsýetiň syýasy sahnasyna agalyk edip gelýän premýer-ministr Wladimir Putin ökde. Pikir soralyşklaryň görkezmegine görä, ýurduň ynamdar syýasatçylarynyň sanawynda birinji orunda duran şol. Oňa tutuş Orsýetde ilatyň 55 prosenti ýurduň iň ynamdar syýasatçysy hökmünde garaýar. Öten hepde telewideniýede geçirilen sorag-jogapda hem ol Medwedewiň adyny ýekeje gezek-de agzaman, ýurtda kimiň höküm sürýänligi barada şek-şübhä ýer goýmady.

Ykdysady krizisiň ýönekeý orslaryň ýagdaýyna eden täsiri barada soralanda, ol: “Bu ýyl ugur oňaýlyga tarap boldy” diýdi. Mikail Hodorkowskiý hem bir ogry, ogrynyň ýeri türmede diýdi.

Ýöne bu gezek Putiniň dabaraly sorag-jogap meýlisine öten hepde Moskwada ilkinji nobatda Orsýetiň demirgazyk kawkazly raýatlarynyň garşysyna gönükdirilen bidüzgünçilikler az-kem päsgel berdi. Biri jaň edip, ors milletçileri milleti ors däl ilata hüjüm edeninde, polisiýanyň olaryň öňüni almak barada hiç bir iş etmänligi hakda nägilelik bildirende, Putin: “Ekstremistleriň hereketleri haýsy tarapdan hem bolsa kesilmeli” diýdi.

Ol mundan hem aňry geçip, döwletiň wezipesiniň köplügiň bähbidini üpjün etmekdigini aýtdy. Bu dogry, ýöne azlyklar barada näme bolmaly? Olary köplügiň zulumyndan kim goramaly? Putin Orsýetde kawkazlylara we musulmanlara garşy duşmançylykly duýgularyň döremeginde özüniň hem paýynyň bardygyny hiý bilýärmikä?

Bu duşmançylykly duýgular esasan Çeçenistanda giden iki konfliktiň netijesi. Putiniň gözegçiliginde Demirgazyk Kawkaz diri galmak kyn, ölmek aňsat ýurda öwrüldi. Ol ýerde gazanylan ajy tejribe halka diňe özüne bil baglamalydygyny öwretdi. Özüni diňe esasy köpçüligiň goragçysy diýip yglan edýän döwletde diri galmak üçin ýeke-täk strategiýa şu.

Onsoň ýene bir sorag bar. Ors milletine degişli däl azlyklar bir gün köplük bolsa näme? Ors döwleti ýene-de köplügiň bähbidini gorarmy? Bu diňe çen-çak bilen berilýän gury sorag däl. Häzirki demografik ýagdaý şu gidişine gitse, ýene otuz ýyldan ors dälleriň sany etnik orslaryňkydan köpelýär.

Sen: “Şaman ýa şoňa meňzeş bir zatmy” diýip soralanda, Putin: “Ýok” diýip arkanýynlaşdyrdy. Muny eşiden käbir adamlar-ha rahatlyk bilen dem alyp, begençli uka giden bolsalar gerek.

Aslan Dukaýew Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz gullugynyň müdiri. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG