Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Agyr gar Ýewropany aljyradýar


Ýewropanyň köp ýerlerinde uçuşlar togtaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:21 0:00


Sowuk gyş güni köçelerini gar basyp ýatan Ýewropanyň uly şäherlerinde on müňlerçe ýolagçy aşjak ýerine aşyp bilmän, ýa uçar meýdanlarynda nobata dur ýa-da ýörite gurnalan wagtlaýyn lagerlerde garaşyp otyr.

Londonda şenbe gününden bäri gar azalan hem bolsa, märekeli Hisrow aeroportynda uçarlary doňaklykdan halas etmek şindi-de doly başardanok. 21-nji dekabrda bu aeroportuň iki esasy uçuş-gonuş zolagynyň diňe birini ulanyp boldy. Plan boýunça göz öňünde tutulan uçuşlaryň hem iň bärsinden ýarpysy ýatyryldy. Britan paýtagtynyň duşenbe güni agşam ýapylan Gatwik aroporty düýn açyldy.

22 müň uçuş ýatyryldy

Ýewropanyň beýleki möhüm şäherleri Frankfurt bilen Brýusselde hem uçarlar adatdakysy ýaly ýola düşüp bilenok. Kontinentiň 38 ýurdunda uçar gatnawyna gözegçilik edýän topar duşenbe güni 22 müň uçuşyň ýatyrylandygyny habar berdi.

On müňlerçe ýolagçy uçar meýdanlarynda garaşýar.
Ýewropanyň Transport komissary Siim Kallas bu “kabul ederliksiz” garym-gatymlyk üçin aeroprotlary dolandyrýanlary ýiti tankytlady. Onuň beýannamasyny žurnalistlere Ýewropa komissiýasynyň sözçüsi Helen Kearns okap berdi.

“Uçar meýdanlary bular ýaly agyr howa şertlerine taýýarlykly bolmagy çynlakaý planlaşdyrmaly. Günbatar Ýewropada garyň adatdan daşary ýagdaý däldigini soňky ýyllarda gördük. Demirgazyk Ýewropada muňa görülýän taýýarlyk hem goşmaça zat däl. Ol planlaşdyrylmaly, gerekli maýa goýulmaly. Bu aýratyn-da aeroportlaryň işi” diýip, Kearns aýtdy.

Ýewropa Orsýetden näme öwrenip biler?

Moskwanyň Şeremetewo aeroportunda agşam 10 santimetr gar ýagan hem bolsa, işler togtanok. Aeroportuň sözçüsi Roman Genis gülküsini zordan saklaýar. Ol: “Men üç ýyl bäri Şeremetewonyň metbugat gullugynda işleýärin. Aeroportuň sanlyja gün hem ýapylan mahaly ýok, asla bir günem ýapylanok” diýýär.

Ol gyşa öňünden taýýarlyk görülýändigini aýdýar: “Biziň köp maşynymyz bar. Gar köp ýagsa, olaryň hemmesi getirilip, uçuş-gonuş zolagy sanlyja minutyň içinde arassalanýar. Bir zolak arassalanyp ýörkä, uçarlar beýlekini ulanýar. Onsoň beýlekä geçilýär. Şeýdip, uçarlar arassa zolaga gonup bilýärler”.

Ol soňra hem: “Ýewropalylar üçin kyýamat gopan ýaly bolup görünýän zat biziň üçin adaty durmuş” diýip, sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG