Sepleriň elýeterliligi

Alym türkmen obasyna syn berýär


Rejep Baýramowyň kitabynda Türkmenistanyň oba hojalygyny aýaga galdyrmak boýunça teklipler öňe sürülýär.

Rejep Baýramowyň kitabynda Türkmenistanyň oba hojalygyny aýaga galdyrmak boýunça teklipler öňe sürülýär.

Orsýetde türkmenistanly alym Rejep Baýramowyň kitaby çap boldy. “Turkestan - put k protswetaniýu”, ýagny “Türkestan - abadançylyga tarap ýol” atly ors dilinde çap bolan kitap Nowosibirskiniň “Arta” neşirýatynda çapdan çykdy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, tehniki ylymlaryň doktory, professor Rejep Baýramowyň bu kitabynda Türkmenistanyň ösüş mümkinçiliklerine syn edilýär, şol sanda ykdysadyýeti we oba hojalygyny aýaga galdyrmak boýunça teklipler öňe sürülýär. 600 sahypalyk bu kitap akademigiň Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyna dürli ýyllarda ýazan hatlaryndan we ýüzlenmelerinden düzülen.

Awtor, hususan-da, ilatyň durmuş derejesiniň güýçli pese gaçmagyna degişli problemalary we oba hojalygynyň kynçylyklary temasyny gozgaýar hem-de oba hojalygyny düýpli özgertmek, ýurduň syýasy sistemasyny üýtgetmek boýunça çäreleri teklip edýär.

Dürli meseleler gozgalýar

R.Baýramow ýurtdaky maliýe-ykdysady prosesler, şol sanda türkmen manady, pul syýasaty we walýuta sistemasy, Türkmenistanda Mejlisiň roly, Ylymlar akademiýasynyň açylmagy, ylymy ösdürmek boýunça kanunlaryň işläp düzülmegi we diniň roly barada öz pikirlerini orta atýar. Kitapda döwlet ýolbaşçylarynyň häzirki döwürde alyp barýan syýasy, ykdysady çärelerine we kabul edýän kararlaryna hem baha berilýär.

Awtor Türkmenistanda diplomlaryň, alymlyk derejeleriniň we atlarynyň paýlanmagy, tireparazlyk, neşe söwdasy we neşekeşlik, ahlak taýdan çökgünlik, işsizlik, türme tussaglarynyň san taýdan köplügi, daşary ýurtlularyň agalygy we daşary ýurtlularyň ýerli işgärlere garanda aýlyklarynyň 5-10 esse ýokary bolmagy ýaly köp problemalaryň özüni ele galam almaga mejbur edenligini ýazýar.

Akademik Baýramow durmuş üpjünçiligi üçin eksperimental sistemalary döretmek, oba hojalygy boýunça köp ugurly düýpli meseleleri çözmek, döwletiň mikro we makro ykdysady problemalaryny çözmek boýunça özüniň hünär derejesi we tejribeleri nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna diňe bir rekomendasiýa bermek bilen çäklenmän, öz ideýasynyň kabul edilmegini tutanýerli öňe sürmek üçin esasyň bardygyny belleýär. Bu barada Rejep Baýramow awtor hökmünde kitabyň girişinde belleýär.

Öz inisiatiwasy

Kitabyň resenzenti Wladimir Nakorýakow Azatlyk Radiosy bilen Nowosibirskiden telefon arkaly söhbetdeş boldy. Ol Rejep Baýramowyň kitabyny çap etmek inisiatiwasynyň özüne degişlidigini aýtdy. Kitabyň çap edilmeginiň sebäbini ol iri ylmy-tehniki proýektleriň döredilmegine, şeýle-de döwletiň perspektiwalarynyň geňeşilmegine uly alymlary gatnaşdyrylmagynyň zerurlygy hem muňa Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekmegiň möhümligi bilen düşündirdi.

Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Wladimir Nakorýakow türkmenistanly studentler, aspirantlar we alymlar bilen köp sanly duşuşyklaryna esaslanyp, türkmenleriň ylym potensialyna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, tehniki ylymlaryň doktory, professor Rejep Baýramow ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň daşyna çykmak mümkinçiliginden mahrum edilen türkmen intellektuallarynyň biridir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG