Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky çaknyşykda 5 sany adaty raýat öldi


Şu gün Owganystandaky NATO-nyň esgerleri bilen gümän edilýän Talyban söweşijileriniň arasynda dörän çaknyşykda 5 sany adaty raýatyň ölendigi habar berildi.

Hususan-da, Owganystanyň Helmand welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Daud Ahmadiniň aýtmagyna görä, düýn Sangin etrabynda dörän çaknyşykda parahat ilatyň arasyndan üç zenan we iki çaga ölüpdir.

Häzirlikçe şol adamlaryň kim tarapyndan öldürilendigi nämälim. NATO-nyň aýtmagyna görä, bu wakalar bilen baglylykda eýýäm derňew işleri başlanypdyr.
XS
SM
MD
LG