Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rubiniň” tälimçisi Gurban Berdiýew Türkmenistana bardy


Orsýetiň “Rubin” futbol komandasynyň tälimçisi Gurban Berdiýew çagalar üçin futbol mekdebiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin düýn Türkmenistana bardy.

Bu barada Orsýetiň “Sport-ekspress” gazetine salgylanyp “Türkmenistan.ru” internet saýty habar berýär.

Şu ýylyň başynda Gurban Berdiýewiň ýörite çakylygy esasynda Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň wekilleri tejribe alyşmak makasdy bilen Orsýetiň Kazan şäherine barypdylar.

“Rubin” komandasynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew türkmen futbol mekdebinden çykdy. Ol ençeme ýyllap Aşgabadyň “Kolhozçy” futbol komandasynda oýnapdy. Mundan soňra-da, Gurban Berdiýew Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň we Orsýetiň futbol komandalaryna tälimçilik edipdi.
XS
SM
MD
LG