Sepleriň elýeterliligi

B.Bhuttonyň goragyna jogapkär iki ofiser tussag edildi


Päkistanyň öňki premýer-ministri Benazir Bhuttonyň goragyny talabalaýyk ýola goýmanlykda aýyplanylyp, şu gün Pakistanyň iki sany ýokary derejeli polisiýa ofiseri tussag edildi.

Mudan öňinçä Rawalpindi şäheriniň sudy polisiýanyň ofiserleri Saud Aziziň we Hurram Şehzadyň derňew döwründe girewine pul goýmak esasynda azatlykda galmak baradaky haýyşlaryny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrüpdi.

2007-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Rawalpindi şäherinde saýlaw kampaniýasynyň barşynda Benazir Bhutto garşy edilen hüjüm onuň ölümine getiripdi.
XS
SM
MD
LG