Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozisiýa liderleri hökümetiň planlaryny tankytlaýarlar


Eýranyň oppozisiýa liderleri hökümetiň energiýa pudagyna we iýmit önümçiligine goýberýän subsidiýalaryny azaltmak planlaryny tankytladylar. Şeýle-de olar Eýranyň ykdysadyýetine “gara geljek” abanýar diýip, duýdurdylar.

Eýranyň “Sahamnews” atly oppozisiýa web saýty oppozisiýa liderleri Mir Hosseýin Mosawi bilen Mehdi Karrubiniň goýberilýän subsidiýalaryň azaldylmagy bilen, umuman, ylalaşýandyklaryny, emma bu planlary amala aşyrmak üçin amatsyz wagyň saýlanyp alnandygyny we hökümetiň mümkinçilikleriniň hem çäklidigini aýdandyklaryny habar berýär.

Eýranyň hökümeti energiýa pudagyna we iýmit önümlerine goýberilýän subsidiýalary bäş ýylyň dowamynda azaltmagy göz öňünde tutýar. Bu subsidiýalar her ýyl ýurduň býujetine 100 milliard dollara durýar.
XS
SM
MD
LG