Sepleriň elýeterliligi

Barak Obama Yrakda täze hökümetiň düzülmegini gutlady


Şu gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Yrakda täze hökümetiň düzülmegini gutlady.

Prezident Obamanyň ýazmaça beýanatynda “Yragyň parlamentiniň täze hökümetiň düzümini tassyklamagy ýurduň taryhyndaky juda möhüm wakadyr, şeýle-de bu milli agzybirligi gazanmak ugrunda ädilen möhüm ädimdir”

Ak Tamyň maglumatlaryna görä, bu waka bilen baglylykda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we wise-prezidenti Jo Baýden Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen telefon arkaly gepleşik geçiripdirler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi hem Yrakda täze hökümetiň düzülmegini uly goldaw bilen garşy aldy.

Şu ýylyň mart aýynda geçirlen parlament saýlawlaryndan soňra Yrakda dokuz aý töweregi syýasy durgunlyk emele gelipdi.
XS
SM
MD
LG