Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty Orsýet-Amerikan ylalaşygyny makullady


Düýn ABŞ-nyň Senaty strategik hüjüm ediji ýaraglary kemeltmek barada Orsýet-Amerikan ylalaşygyny makullady. Ony 71 senator goldady we 26 senator oňa garşy boldy.

Onuň tassyklanmagy üçin Senatyň 100 agzasynyň azyndan üçden iki böleginiň sesi zerurdy. Şunlukda, respublikançy senatorlaryň aglabasy demokrat köplügini goldadylar.

Prezident Obama bu ylalaşygyň Senatda makullanmagyna gowy baha berdi. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem ABŞ-nyň Senatyndaky ses berişligiň netijelerine ýokary baha berdi we ony ýakyn wagtda Orsýetiň Döwlet Dumasynyň hem tassyklajakdygyna umyt etdi.
XS
SM
MD
LG