Sepleriň elýeterliligi

“Le Monde” gazeti Julian Assanjy “ýylyň adamy” diýip yglan etdi


Düýn Fransiýanyň meşhur “Le Monde” gazeti “WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjy “ýylyň adamy” diýip yglan etdi.

Gazetiň okyjylarynyň 56 prosenti bu meselede J.Assanjy goldadylar. Olaryň 22 prosenti türmede oturan hytaýly dissident we Nobel baýragynyň laureaty Liýu Hiýaobo, 7 prosent çemesi bolsa “Facebook” internet gullugynyň prezidenti Mark Zukerberge ses berdiler.

Geçen hepde “Time” žurnaly Mark Zukerbergi “ýylyň adamy” diýip yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG