Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Kongresi “genosid” meselesi barada anyk karara gelip bilmedi


ABŞ-nyň Kongresinň deputatlary geçen asyryň başlarynda Türkiýede ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagy we bu wakany genosid diýip ykrar edip-etmezlik meselesi barada düýn anyk bir karara gelip bilman, bu baradaky maslahatlaryny tamamladylar.

Bu wakanyň “genosid” diýlip atlandyrylmagyny goldaýanlar bu baradaky rezolýusiýanyň Kongresiň şu ýylyň ahyryndaky maslahatynda tassyklanylmagy ugrunda tagalla etdiler.

Şeýle rezolýusiýanyň kabul edilmegine prezident Barak Obamanyň administrasiýasy garşy çykyş etdi. Ermenistan Birinji jahan urşy ýyllarynda Osman türkleriniň 1.5 milliondan gowrak ermenini gyrandyklaryny aýdýar we ony genosid diýip ykrar etmekligi öňe sürýär. Türkiýe muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG