Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda terrorçylykda şübhelenýän 6 adam tutuldy


Geçen iki günde Täjigistanyň polisi we howpsuzlyk güýçleri gadagan edilen “Özbegistanyň Yslam hereketi” toparynyň agzasy diýlip şübhelenýän 6 adamy tutdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, 23 ýaşly Dilşod Rahimowyň tussag edilmegi onuň ýolbaşçylygyndaky beýleki 5 adamyň hem tussag edilmegine getiripdir.

Täjigistanyň Sogd welaýatynyň içeri işler departamentiniň başlygy, general Şarif Nazarowyň Azatlyk Radiýosyna aýtmagyna görä, tussag edilenleriň ählisi ýerli raýatlar.

Bularyň liderleri daşary ýurtlardaky terror lagerlerinde türgenleşik geçipdirler we Täjigistana dolanypdyrlar diýip, Nazarow belledi. Ol geçen iki hepdede “Özbegistanyň Yslam hereketi” toparynyň 15 çemesi aktiwistiniň tussag edilendigini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG