Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Belarusda tussag edilen orsýetliler barada alada edýär


Düýn Orsýetiň resmileriniň aýtmaklaryna görä, ýekşenbe güni Belarusda bolan prezidentlik saýlawlary bilen bagly protestler wagtynda 8 orsýetli tussag edilipdir.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýannamasynda olaryň 15 gün möhlet bilen tutulandygy habar berildi.

Şol beýannama görä, häzir Orsýetiň Minskdäki ilçihanasy tussag edilen orsýetlileriň boşadylmagy üçin elde baryny edýär. Belarusyň prezidenti A.Lukaşenkonyň täze möhlete prezident saýlanmagyna garşy protestlerde 600 çemesi adam tussag edilipdi. Bu saýlawlary Günbatar berk ýazgardy.
XS
SM
MD
LG