Sepleriň elýeterliligi

logo-print

MTS metbugat konferensiýasyny geçirdi


MTS öz işini bir aýlyk duruzýanlygyny abonentlerine 20-nji dekabrda SMS arkaly habar berdi.

MTS öz işini bir aýlyk duruzýanlygyny abonentlerine 20-nji dekabrda SMS arkaly habar berdi.

22-nji dekabrda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň prezidenti Mihail Şamolin Moskwada gyssagly metbugat konferensiýasyny geçirdi.

Mihail Şamolin MTS-iň Türkmenistandaky kynçylyklary, ýurduň Aragatnaşyk ministrliginiň talaplary, bar bolan ylalaşyklar, MTS-iň Türkmenistana degişli planlary we öz bähbitlerini goramak boýunça görýän çäreleri barada gürrüň berdi.

MTS-iň prezidenti Mihail Şamolin
MTS Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligininiň talaplaryny bikanun hasap edýär. Mihail Şamolin “kompaniýanyň işiniň duruzylmagynyň garaşylmadyk ýagdaý bolanlygyny we munuň MTS-iň biznesinini togtadanlygyny” aýdýar.

MTS Türkmenistanyň hökümeti bilen baglaşan ylalaşyklarynyň ähli şertlerini berjaý edip gelenligini belleýär we üç taraplaýyn ylalaşygyň “möhleti doldy” diýip, kompaniýanyň işiniň duruzylmagyna kanuny esas ýok diýip, hasap edýär.

Orsýetiň MTS kompaniýasy 15-nji dekabarda özüne edilen duýduryşy bikanun hasap edýär we onda görkezilen üç taraplaýyn ylalaşygyň möhletiniň dolmagyna degişli sebäpleriň lisenziýanyň togtadylmagyna esas döretmeýänligini belleýär.

MTS-den edilýän talap

MTS-iň eýeçiligindäki BCTI kompaniýasy 21-nji dekabrda Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny duruzdy. Bu wagt möhleti MTS-e Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 15-nji dekabrda eden resmi duýduryşynda görkezildi.

MTS-iň prezidenti Mihail Şamoliniň sözlerine görä, “TürkmenTelekomdan” we onuň welaýat bölümlerinden, Türkmenistanyň beýleki döwlet edaradyr-kärhanalaryndan hem MTS-iň adyna duýduryş hatlary gelip gowşupdyr.

Agzalýan hatlarda stansiýalaryň, antenna enjamlarynyň gurulmagy üçin ulanylan ýerleriň we sanly portlaryň hem akymlaryň kärendesi barada bar bolan ylalaşyklaryň 2011-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, birtaraplaýyn duruzylýanlygy duýdurylýar.

“MTS-den gurallary söküp aýyrmak talap edilýär. Bu bolsa gurallaryň, şol sanda komutatorlaryň 90%-ne degişli” diýip, MTS-iň prezidenti Mihail Şamolin Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

MTS öz işini bir aýlyk duruzýanlygyny abonentlerine 20-nji dekabrda SMS arkaly habar berdi. Kompaniýanyň bu barada has ir habar bermänliginiň sebäbi MTS soňky pursata çenli Aşgabat bilen gepleşikler esasynda düşünişmäge bil baglapdyr.

Emma kompaniýanyň prezidenti M.Şamolin türkmen tarapynyň problemanyň sebäbini düşündirmezden, dialogdan ýüz öwürýändigini, MTS tarapyndan gepleşik geçirmek boýunça edilýän tagallalaryň jogapsyz galdyrylýandygyny belleýär.

“Türkmenistanyň resmi wekillerinden kompaniýanyň işine degişli häzire çenli hiç hili teklipler ýa şikaýatlar gowşanok” diýip, MTS kompaniýasynyň prezidenti Mihail Şamolin Moskwadaky metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Aşgabat başgaça garaýar

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi MTS-iň daşyndaky ýagdaýa degişli beýanat ýaýratdy. Beýanatda MTS-iň Türkmenistandaky işiniň duruzylmagy bäş ýyllyk ylalaşygyň möhletiniň dolanlygy bilen düşündirilýär.

Türkmen DIM-i ýurtda mobil aragatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdýar. Şeýle-de ol MTS-iň işiniň duruzylmagy bilen ýurtda mobil aragatnaşygy taýdan kynçylyklaryň döränligini inkär edýär.

MTS-iň prezidentiniň sözlerine görä, metbugat konferensiýasyny geçirmek bilen kompaniýa Türkmenistandaky kynçylyklaryna ünsi çekmek we türkmen hökümetini meselä paýhasly çemeleşmäge ündemek isleýär.

MTS-iň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň Türkmenistandaky müşderilerine bildiriş bermek üçin SMS-den başga hiç hili mümkinçilikleri ýok. Ýurduň habar serişdeleri MTS-iň informasion maglumatlaryny çap etmekden ýüz öwürýärler.

“Aşgabatda ýerli häkimiýetler tarapyndan MTS-iň edara jaýlaryndan kompaniýanyň atlary we belgileri aýrylýar. Bu barada kompaniýanyň polisiýa edýän ýüzlenmeleri jogapsyz galýar” diýip, MTS-iň maglumatlarynda bellenilýär.

Şol bir wagtda-da metbugat konferensiýasynda MTS-iň Türkmenistandaky 2 million 419 müň müşderisinden 21-nji dekabrda kompaniýa bilen şertnamasyny ýatyrmak we puluny yzyna almak üçin diňe 451 adamyň ýüz tutanlygy bellenildi.

“MTS kanuna boýun egýän kompaniýa bolansoň, ol türkmen tarapynyň talabyny ýerine ýetirip, öz işini duruzdy. Emma Tükmenistanyň hereketlerindäki bikanunçylygy sud arkaly subut etmegi karar etdi” diýip, Mihail Şamolin aýtdy.

Suda bil baglanýar

Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň prezidenti Mihail Şamoliniň bellemegine görä, MTS kompaniýasy öz pozisiýasynyň kanuna laýyk gelýänligine ynanýar we sud işiniň öz peýdasyna çözüljegine umyt baglaýar.

MTS Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine garşy we “TürkmenTelekom” hem “Altyn Asyr” operatorlaryna garşy talap arzalaryny Şweýsariýada ýerleşýän Halkara söwda palatasynyň ýanyndaky Halkara arbitraž suduna berdi.

MTS özüniň we aksionerleriniň hak-hukukaryny Halkara instansiýalarda aktiw gorajakdygyny we Türkmenistandan lisenziýany duruzmak kararyny ret etmegini we kompaniýanyň çekýän zyýanynyň öwezini dolmagyny talap etjekdigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de MTS Türkmenistanyň hökümeti bilen konstruktiw dialogy ýola goýmaga synanyşýanlygyny belleýär we bu meseläniň çözgüdine Türkmenistanyň prezidentiniň goşulmagyna garaşýar.

MTS kompaniýasy bu meselede islendik ýardama, şol sanda Orsýetiň hökümetiniň ýardamyna hem daýanmakçy bolýar. Bu barada MTS-iň prezidenti Mihail Şamolin 22-nji dekabrda Moskwada geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG