Sepleriň elýeterliligi

START şertnamasy oňlandy



Dünýä ýolbaşçylary amerikan Senatynyň Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky ýadro ýaraglaryna gözegçilik baradaky şertnamany (START) oňlamagyny gutladylar.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda dowam edip, ençeme aýa çeken çekeleşikden soň, senat 22-nji dekabrda täze START şertnamasyny oňlady we jar etdi. Bu prezident Barak Obamanyň daşary syýasatda gazanan uly ýeňşi bolup, ol ors-amerikan gatnaşyklaryny güýçlendirýär.

Senatda geçen ses berişlikde şertnamany oňlan senatorlaryň sany 71. Oňa garşy ses berenler 26.

Täze START şertnamasy boýunça Birleşen Ştatlar bilen Orsýet özleriniň ulanyşya taýýar atom ýaraglarynyň sanyny 7 ýylyň içinde 2200-den, olaryň takmynan üçden birini azaldyp, 1,550-ä getirmeli. Göteriji raketalaryň sany hem 700-den geçmeli däl.

“Möhüm ylalaşyk”

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen bu göçümi “Ýewro-Atlantik howpsuzlygyna möhüm goşant” diýip häsiýetlendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Munyň garaýşyça, bu atom ýaraglaryndan dynmak we onuň ýaýramagynyň öňüni almak barada “aýdyň alamat” bolup durýar.

Ses berişlikden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda prezident Barak Obama Senatyň bu şertnamany oňlamagyna özüniň begenýändigini bildirdi. Ol: ”Bu ýaraglara kontrollyk barada geçen 20 ýylyň içinde gelnen iň möhüm ylalaşyk. Bu biziň howpsuzlygymyzy artdyryp, Orsýet bilen bilelikde atom arsenalymyzy azaldar. Bu şertnama esasynda biziň atom inspektorlarymyz baryp, Osýetiň ýadro bazalaryny görerler. Onsoň biz ýeke birek-birege ynam etmek däl, eýse obýektleri barlap, tassyklap-da bileris” diýdi.

Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy, demokrat John Kerri bu şertnamanyň güýçli tarapdarydyr. Ol ses berişlikden öň senatorlara: “Siziň kararyňyzyň global täsiri bolar” diýip, öz pozisiýasyny mälim etdi.

“START şertnamasy meselesinde haýsy pozisiýada duranan bolsak-da, bu Birleşen Ştatlarda seýrek duş gelýan bir pursat. Biziň bu ýerdäki hyzmatymyz ýer ýüzündäki adamlaryň janyny goramak üçin mümkin bolan ýeke-täk pursatdyr” diýip, Kerri nygtady.

Amerikan prezidenti Obama bilen ors perzidenti Medwedew bu şertnama 8-nji aprelde Pragada gol goýdular. 1991-nji ýylda gol çekilen öňki START şertnamasynyň möhleti 2009-njy ýylyň dekabrynda tamamlandy.

Kyn bolar öýdülipdi

Waşingtonda partiýalaryň arasynda dörän jedelli ýagdaý bu şertnamanyň ratifisirlenmegini kynlaşdyrar diýip, pikir edilipdi. Respublikançy senatorlar: “Şertanamada hüjüm we goranyş ýaraglary özara baglanyşdyrylýar. Şol sebäpden ol raketadan goranyş sistemasyna zyýan ýetirýär” diýip, oňa garşy çykdylar.

Senatorlaryň käbiri hem: “Eýrandan we Demirgazyk Koreýadan abanýan howp zerarly Birleşen Ştatlaryň atom arsenalyny modernleşdirmek zerur. Bu şertnama mundan ünsi sowýar” diýip, delil getirdiler.

Iň soňunda hem Respublikanlardan 13 senator partiýa başlyklarynyň pikirlerine eýermän, şertnamany goldap, ses berdiler.

Ak Tam: “Täze START şertnamasy amerikan-ors gatanşyklaryny güýçlendirer” diýýär.

“Biz Orsýet bilen gatnaşyklarymyzy ilerletmegi dowam etdireris. Bu köp problemalarda, mysal üçin, Eýran barada güýçli sanksiýalar we atom ýaraglarynyň terroristleriň eline düşmeginiň öňüni almak ýaly meselelerde zerur. Bu ylalaşyk ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni alyp, dünýäde parahatçylygy ornatmakda biziň ýolbaşçylygymyzy güýçlendirer” diýip, prezident Barak Obama aýtdy.
XS
SM
MD
LG