Sepleriň elýeterliligi

2011-nji ýyl dünýä ykdysadyýetine näme getirer?


Simon Johnson: "Meniň pikirimçe, Ýewropa krizisiň täze tapgyryny geçirer, onuň täze ýylyň ýazynda bolmagy hem mümkin".

Simon Johnson: "Meniň pikirimçe, Ýewropa krizisiň täze tapgyryny geçirer, onuň täze ýylyň ýazynda bolmagy hem mümkin".

Häzir global ykdysadyýet agyr günleri başdan geçirýär. 2011-nji ýylda dünýä ykdysadyýetinde nämeleriň bolup geçmegine garaşylýar? Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri Hezer Maher we Jeremi Bransten üç sany belli ykdysadyýetçiniň bu baradaky çaklamalaryny öwrendi.

Simon Johnson: Halkara walýuta fondunyň öňky baş ykdysadyýetçisi, Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) professory, “The New York Times” gazetiniň ykdysadyýet boýunça synçysy.

Allan Meltzer: Karnegi Mellon uniweristetiniň syýasy ykdysadyýet boýunça professory, ABŞ-nyň Merkezi banky boýunça tanymal taryhçy.

Roger Bootle: “Capital Economics Ltd” guramasynyň dolandyryjy direktory, Britaniýanyň öňki hökümetiniň geňeşçisi, "The Daily Telegraph" gazetiniň dünýä ykdysayýeti boýunça synçysy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Simon Johnson, 2011-nji ýylda dünýä yksydyýetiniň ägirtleri krizisden çykmagyň berk ýoluna girerlermi ýa-da biz iki esse global durgunlyga uçrarysmy?

Simon Johnson: Meniň çakymça, önümçiligiň peselmegine sebäp boljak iki gat resessiýa bolmasa gerek. Ýöne Ýewropanyň ykdysadyýetine howp abanmagy mümkin. Meniň pikirimçe, Ýewropa krizisiň täze tapgyryny geçirer, onuň täze ýylyň ýazynda bolmagy hem mümkin. Bu-da öz gezeginde dünýä ykdysadyýetiniň peselmegine getirer.

Azatlyk Radiosy: Jenap Roger Bootle, siziň pikiriňizçe, 2011-nji ýylda ykdysady taýdan dikeliş bolarmy ýa-da global resessiýanyň iki esse peselmesi bolarmy?

Roger Bootle: Hiç haýsam däl. Bu iki çaklama hokmany bolaýmaly ýagdaýlar hökmünde garap bolmaz. Meniňçe, ösüş az bolar, sebäbi çak edişime görä, Ýewropada ykdysady krizis dörär. Şeýle-de men formasiýa bazarynda häzirkisinden üýtgeşik uly ösüş bolar öýdüp, pikir edemok.

Azatlyk Radiosy: Jenap Allan Meltzer, siz nähilli pikir edýäňiz? Dünýä ykdysadyýeti krizisden, durgunlykdan çykarmy ýa-da has beter howpa girermi?

Allan Meltzer: Meniň pikirimçe, iň bolmanda Ýewropada we Birleşen Ştatlarda özgerişler bar. Krizis sebäpli bu sebitlere ýeten zyýan has-da uly bolupdy. Özgerişler bar, ýöne bu Birleşen Ştatlarda haýal geçýär. Biz işliligiň garşylyk täsiriniň juda täsirli bolar diýip, çak edemzok. Sebäbi ýiten işleriň aglabasy – bu öýleriň hem binalaryň gurluşyk ulgamy bilen baglydy. Bazarda satylmaýan köp sanly jaýlaryň boldugyça, bu ugurdaky dikeliş hem haýal geçer.

Azatlyk Radiosy: Jenap Simon Johnson, siziň pikiriňizçe, ýewrozona uzak möhletleýin nukdaýnazardan häzirki durkuny saklap bilermi? Siziň munuň bilen baglylykda, geljek bir ýyl we bäş ýyl üçin çaklamalaryňyz nähili?

Simon Johnson: Meniň pikirimçe, ýewrozona dowam eder, ýöne onuň häzirki ýagdaýyny saklajakdygy baradaky pikirler mende şübhe döredýär. Häzir ýewrozona jemi 16 döwlet girýär, ýanwarda bu sanawa Estoniýa hem goşular. Şeýle-de men ýewrozonanyň öz agzalary her sapar kynçylyklara duçar bolanda, olary elmydama halas etmek syýasatyny dowam etdirip biljekdigine şübhelenýärin.

Ýöne, muňa garamazdan, men ýewrozonanyň öz işini dowam etmegi üçin özen bolup galjakdygyna ynanýaryn. Meniň pikirimçe, bu özen juda berk bolar. Ýöne bu özgerýän özen bolar. Şeýle-de bu özen dünýä liderligine ymtylma berýän özen bolar diýip, pikir edýärin. Bu ýewropalylaryň eýýäm köpden bäri umyt edip gelýäni zady.

Geljek ýylyň dowamynda krizisiň gaýtalanmagyna, krizisiň tolkunlaryna, reforma ugrundaky göreşe we ýewrozonanyň üýtgemegine garaşylýar. Ýöne bäş ýyldan soňky wagt barada gürrüň edilende, onda olaryň bu problemalardan baş alyp çykjakdyklaryna ynanýaryn. Men ýewrozonanyň düzümine girýän ähli ýurtlaryň ýewrozonanyň täze strukturasy bilen baglylykda bähbitli boljagyna kepil geçip biljek däl. Ýöne meniň pikirimçe, bärde döz gelmegi başaran, kuwwatly, sagdyn, we degişlikdäki gujurly ýewrozana bolar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Roger Bootle, ýewrozona häzirki gurluşyny saklap bilermi? Siz nähili pikir edýärsiňiz?

Roger Bootle: Men ýewrozona häzirki ýagdaýynda galar diýip pikir edemok. Azyndan bir döwlet ýewrozonany terk etmese, häzirki şertlerde meni juda geň galdyrardy. Meniň pikirimçe, döwletleriň býujet problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolup galmagy netjesinde biz ykdysady krizise şaýat bolarys. Şeýle-de ýewrozona girýän döwletler munuň bilen baglylykda rezolýusiýanyň kanagatlandyryjy programmasy boýunça ylalaşyp bilenoklar.

Häzir indi bu ýagdaýyň soňunyň erbet boljakdygyny aýdyp bolýar. Meniň pikirimçe, ýewro üçin edilmeli iş, ol demirgazyga we günorta bölünmelidir. Emma munuň amala aşmagy üçin Germaniýanyň syýasy pikir ýöredişinde rewolýusiýa bolup geçmeli. Meniň pikirimçe, olar muňa entek taýyn däl.

Azatlyk Radiosy: Jenap Allan Meltzer, siz ýewrozonanyň uzyn möhletli perspektiwalaryna nähili baha berýärsiňiz?

Allan Meltzer: Men Gresiýa ýaly döwletleriň öz bergileriniň restrukrizasiýasyna nädip hötde gelip biljekdigini bilmeýärin. Halkara Pul Fondunyň we Ýewropa Bileleşiginiň üstünden geçen köp sanly karz bermeler, köp ünsleri özüne çekipdi. Şeýle-de munyň bilen baglylykdaky diskussiýalar hiç bir problemany çözmeýär, olar diňe problemany gaýra süýşürýär. Problema - bu olaryň hötdesinden gelip bilmejek bergileriniň bolmagy. Şu sebäpli ir-u giç olar gurluşyny üýtgetmäge mejbur bolarlar. Muny näçe ir amla aşyryp bilseler, şonça-da gowy bolar. Sebabi, olar bergilerini restrukrizasiýa etmek üçin gaty köp tagalla etmekden, juda azap çekýärler. Beýleki döwletleriňem bu pozisiýany goldaýan bolmaklary mümkin.

Azatlyk Radiosy: Jenap Meltzer, siz dollaryň ýagdaýy barada näme aýdyp bilersiniz?

Allan Meltzer: Dollaryn uzak möhletleýin hereketi peselmäge başlady. Munuň bilen baglylykda aýba-aý bolýan üýtgeşmelere köp sanly faktorlar täsir edýär, şol sebäpli bu barada anyk çaklama etmek mümkin däl. Ýöne bärde, meniň pikirimçe, belläp geçmeli möhüm zat bar. Ýewropadaky käbir kynçylyklar sebäpli Ýewropanyň gowşak pul birligine bolan gatnaşykda soňky aýlarda dollaryň ortaça hümmeti gaçdy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Simon Johnson, ýewrozonadaky kynçylyklar sebäpli dollaryň ýagdaýy 2011-nji ýylda gowulaşarmy?

Simon Johnson: Elbetde, ýewrozonadaky problemalar we ýewronyň gowşaklygy dollara kömek eder. Ispaniýa, Italiýa we Belgiýa ýaly döwletlerdäki kynçylyklar sebäpli döreýän howatyrlanmalaryň netijesi adamlaryň dollara ynamly pul birligi hökmünde garamagyna sebäp döredýär. Ýöne uzak möhletleýin nukdaýnazardan seredilende, dollaryň köp sanly kynçylyklary bar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Roger Bootle 2011-nji ýylda dollaryň ýagdaýyna nähili baha berýäňiz?

Roger Bootle:
Pul birlikleri barada çaklamalary etmek, bu peýdasyz iş. Biziň ählimiz bulary etmelidiris, ýöne, meniň pikirimçe, hemişeki bolşy ýaly, juda köp näbellilikler galýar. Eger-de ýewrozonada krizisleriň boljakdygy baradaky çaklamam dogry çyksa, onda dollar berkär.
XS
SM
MD
LG