Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty ýaraglary kemeltmek barada ylalaşyga geldi


Düýn Birleşen Ştatlaryň Senaty strategik hüjüm ediji ýaraglary kemeltmek barada Orsýet-Amerikan ylalaşygyny makullady.

Bu ylalaşygy 71 senator goldady we 25 senator oňa garşy boldy.

Şol ylalaşygyň tassyklanmagy üçin Senatyň 100 agzasynyň azyndan üçden iki böleginiň goldap ses bermegi zerurdy.

Prezident Obama bu ylalaşygyň senatda makullanmagyna gowy baha berdi.

Orsýetiň döwlet dumasynyň başlygy, Boris Gryzlow bu ylalaşygy Orsýet tarapynyň hem ýakyn wagtda tassyklap biljekdigini mälim etdi.

"Eger-de ABŞ-nyň Senaty tarapyndan tassyklanan rezolýusiýaynyň şertleri ylalaşygyň ozalbaşky mazmunyna täsir etmeýän bolsa, onda biz bu ylalaşygy eýýäm ertir hem tassyklap bileris” diyip, Gryzlow belledi.
XS
SM
MD
LG