Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammiti açyldy


Şu gün Stambulda Türkiýäniň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Merkezi Aziýa döwletleri bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleriniň we ýokary derejeli wekilleirniň gatnaşmagynda Sammit açyldy.

Bu Sammite gatnaşýan şol döwletler Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalarydyr. Bu gurama regiondaky söwda we ykdasady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda iş alyp barýar.

Şu Sammite gatnaşýan döwlet liderleriniň arasynda Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew dagylar hem bar.

Türkmen metbugaty bu Sammite Türkmenistan tarapyndan ýurduň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Tuwakmämmet Japarowyň gatnaşýandygyny ýazdy.
XS
SM
MD
LG