Sepleriň elýeterliligi

Koreýa döwletleri birek-birege ýene haýbat atýarlar


Demirgazyk Koreýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, olar ýadro arsenalyny ulanyp, Günorta Koreýa garşy “mukaddes urşa” başlamaga taýýar.

Demirgazyk Koreýanyň gornamak ministri Kim Yong-çun bu barada Günorta Koreýanyň geçiren harby türgenleşiklerinden birnäçe sagat soňra eden çykyşynda durup geçdi.

Beýleki tarapdan, bu harby türgenleşiklerden soňra Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Myung-bak hem Demirgazyk Koreýanyň ýene-de hüjüm eden halatynda, oňa garşy rehimsiz jogap beriljekdigini aýtdy.

Phenýan sebitdäki uruş ýagdaýlaryny dartgynlaşdyrýandygy sebäpli Günorta Koreýa aýyplama bildiripdi.
XS
SM
MD
LG