Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pekin Ýewropa ykdysady krizisden çykmaga hemaýat bermäge taýýar


Şu gün Hytaýyň resmileriniň aýtmagyna görä, Pekin ýewro zonasyna girýän döwletleriň ykdysady krizisden çykmagyna hemaýat bermäge taýýar.

Hytaýyň Daşary işleri minstrliginiň metbugat wekiliniň berýan maglumatyna laýyklykda, Pekin Halkara Pul fondunyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine durnuklaşdyryş kreditiniň berilmegini goldar.

Şeýle-de, Ýewropanyň Hytaý üçin “möhüm bazar” bolup durýandygy hem bu çykyşda bellenip geçildi.

Geçen hepde Portugaliýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, Hytaý olara 4 milliard dollar hemaýat bermäge söz beripdir.
XS
SM
MD
LG