Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Staffan de Mistura: Owganystanda ösüşiň alamatlary bar


Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky baş wekili Staffan de Misturanyň aýtmagyna görä, ýurtda ösüşiň alamatlary bar.

Ýöne, muňa garamazdan, ol talyp söweşijileri bilen häzirki konfliktli ýagdaýlar düýpli gowulanmanka, ýagdaýyň erbetlige ýazyp biljekdigini hem sözüne goşdy.

Düýn Staffan de Mistura BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi. Ol bu çykyşynda Owganystanyň raýatlarynyň aglabasynyň konfliktleriň çözgüdini diňe syýasy çözgütlerde görýändiklerini mälim etdi.

Staffan de Mistura bu ýagdaýlary talyp söweşijileriniňem bilýändiklerini we özleriniň urşy ýeňip bilmejekdiklerine hem düşünýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG