Sepleriň elýeterliligi

Nursoltan Nazarbaýewi goldaýan inisiatiw topar döredildi


Şu gün Gazagystanyň prezidentiniň prezidentlik möhletini artdyrmaga çagyryş edip, ýurduň demirgazyk Oskamen şäherinde degişli inisiatiw topar döredildi.

Bu inisiatiwa topary prezident Nursoltan Nazarbaýewiň häkimýetdäki möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak üçin referendum geçirmek maksady bilen ilat arasynda gol ýygnap başlapdyr.

Referendumyň geçirilmegi üçin bu inisatiwa toparynyň Gazagystanyň ähli welaýatlaryndan 200 müň sany gol ýygnamagy şertdir.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň häkimýetdäki häzirki möhleti 2012-nji ýylda tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG