Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Britaniýadaky we Irlandiýadaky wekilhanasyny ýapdy


Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ondan peýdalanmak boýunça Döwlet agentliginiň Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky wekilhanasy ýapylýar diýip, “United Press International” agentligi habar berdi.

“TurkmenistanRU” internet gazeti hem şu gün bu maglymaty tassyklap, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuahmedowyň bu guramanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we netijelliligini ýokarlandyrmak maskady bilen degişli karara gol goýandygyny ýazdy.

Ýakynda “WikiLeaks” internet saytynyň ýaýradan maglumatynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ondan peýdalanmak boýunça Döwlet agentliginiň Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky wekilhanasyna prezident G.Berdimuhamedowyň giýewisiniň serenjamlayk edýändigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG