Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dekabryň aýlyk haklary ir tölendi


Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesi bilen, täze ýyly oňat garşylamaklary üçin ýurduň býujet edaralarynda zähmet çekýänlere dekabryň aýlyklary eýýäm dolulylygyna tölendi.

Býujet ulgamynda aýlyk hakyny iň giç berýän pudaklar hem işgärlerine dekabryň aýlygyny wagtyndan öň tölemegi başardylar.

Aýlyklaryň wagtyndan öň berilmeginiň bazardaky harytlaryň geçginligine öz täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda bazary, esasan, Täze ýyla degişli dürli-dürli harytlar tutýar. Bahasy bir müň amerikan dollaryndan gowrak bolan emeli täze ýyl arçasynyň satuwdadygyny we bu haryda islegleriň bardygyny görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG