Sepleriň elýeterliligi

Watan, millet we deňhukuklylyk


Orsýetde doglan ors bolmak nämäni aňladýar? Ol adam onlarça ýyl bäri Orsýetde ýaşap, Dostoýewskini we Tolstoýy söýýän gürjüden has "ors" bolýarmy? Ýyllar boýy Gyrgyzystanda ýaşap ýören etniki özbek gyrgyzmy ýa-da özbek?


ORSÝET:
Igor Grwitişwili


Igor Grwitişwili: “Meniň pikirimçe, bir şahs başga ýurduň medeniýetini söýmezden, taryhy Watanyny söýüp bilmez".



Igor Grwitişwili gürjüstanly. Emma ol 29 ýyldan bäri Moskwada ýaşaýar. Goride doglan Igor 1981-nji ýylda Moskwa gelmezinden ozal ors dilindäki mekdepde okan. Häzir 63 ýaşyndaky Grwitişwili gürjüstanlylaryň Orsýetdäki birleşiginiň başlygy we soňky ýyllarda Moskwanyň we Tbilisiniň gatnaşyklarynda möwjän dartgynlylyk zerarly ol indi Orsýetde duşmançylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

“Men dogduk ýurdumy söýýärin. Siz ony taryhy Watanym diýip hem atlandyryp bilersiňiz. Men suwara gepläp bilýän ene dilimi hem söýýärin. Hut şu hem meniň gürjüstanlydygymy aňladýar. Orsýetiň we bu ýurduň maňa beren gymmatlyklaryny bilýärin. Men bu ýurtda işleýärin we ýaşaýaryn. Elbetde, men bu zatlaryň gadyr-gymmatyny gowy bilýärin.Ýöne Orsýetde uzak ýyllardan bäri ýaşasam-da, Gürjüstan meniň ata Watanym” diýip, Grwitişwili aýdýar .

Soňra 63 ýaşly Igor Grwitişwili sözüni şeýle dowam etdirýär: “Meniň pikirimçe, bir şahs başga ýurduň medeniýetini söýmezden, taryhy Watanyny söýüp bilmez. Men Dostoýewskini we Tolstoýy okamagy söýýärin. Meniň uly ýaşly gyzym we oglum bar. Agtygym bar. Meniň çagalarym hatda, uly agtygym hem özüni gürji hasaplaýar”.

GYRGYZYSTAN:
Kasym

Kasym: "Bir tarapdan, men gyrgyzdygyma buýsanýaryn. Başga tarapdan, men gyrgyzdygyma käte gynanýaryn. Çünki biziň käbir däp-dessurymyz çakdanaşa milli häsiýete eýe".




Öz familiýasyny aýtmak islemedik Kasym 55 ýaşly etnik gyrgyz we günortadaky Jalalabat welaýatynda ýaşaýar. Kasym şeýle diýýär: “Bir tarapdan, men gyrgyzdygyma buýsanýaryn. Başga tarapdan, men gyrgyzdygyma käte gynanýaryn. Çünki biziň käbir däp-dessurymyz çakdanaşa milli häsiýete eýe. Biz olary ýatyrsak, gowy bolardy. Meniň pikirimçe, ýaşlar muny eder. Meselem, biz köp dabara üçin ummasyz çykdajy edýäris ýa- da gelni alyp gaçýarys. Bular örän ýaramaz zatlar we gyrgyzlaryň geljegi üçin uly howp”.

Gyrgyzystanly, 35 ýaşly Kasymyň pikiriçe, eger gyrgyz ýaşlary gowy sowat alsalar, onda Gyrgyzystanyň geljegi örän gowy bolar: “Etniki gyrgyzlaryň we ýurtdaky beýleki halklaryň arasynda uly bir tapawut ýok. Olaryň ählisi özüni Gyrgyzystanyň raýaty hökmünde duýmaly. Olar özüni gyrgyz diýip duýmaly. Gyrgyzlar we beýleki halklar deňhukukly diýip hasaplaýaryn. Ählimiziň bir meňzeş hukuklarymyz bar. Muňa hiç bir şek-şübhe ýok”.

GYRGYZYSTAN:
Farruh Huseýnow


Farruh Huseýnow bütin ömrüni Gyrgyzystanda ýaşan, 40 ýaşly etnik özbek. Ol Oşda doglan we bazarda söwdagärçilik edýär. Emma Farruh käri boýunça kiçi klaslary okadýan mugallym. Gyrgyzystanyň ilatynyň 15 prosenti çemesi etnik özbekler. Ol şeýle diýýär: “Men özbekdigime buýsanýaryn. Şaherlerde ýaşaýan gyrgyzlar bilen Oşdaky özbekleriň arasynda hiç bir tapawut ýok. Emma obaly gyrgyzlar örän medeniýetsiz. Olar özlerini edepsiz alyp barýarlar. Eger olar arak içäýseler, onda özlerine kontrollyk edip bilmeýärler”.

Emma, Farruh Huseýnowyň pikiriçe, şäherliler olara meňzemeýär: “Meniň Oşuň dürli etrabynda ýaşaýan dostlarym bar. Biziň ählimiziň bir meňzeş hukuklarymyz bolmaly. Hatda ABŞ-da we Fransiýada-da ähli halklaryň bir meňzeş hukuklary bar. Biz adamlary etniki gelip çykyşy boýunça dürli sorta bölmeli däl. Islendik halkyň, islendik ýerde öz pikirini erkin aýtmak we beýleki hukuklary deň bolmaly”.
XS
SM
MD
LG