Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki aýylganç howp


Golts: "Siwilizlenen (ýewropaly!) häkimiýetler bilimli gatlagy “wagşy ors halkyndan” halas eder".
Golts: "Siwilizlenen (ýewropaly!) häkimiýetler bilimli gatlagy “wagşy ors halkyndan” halas eder".
Aleksandr Golts

Men konspirasiýa ýa dildüwşük teoriýalaryna ynanyp ýören adam däl. Muny meniň makalalarymy okaýan her bir adam bilýändir. Ýöne hemmeler "Biziň milli liderimiziň Kremle dolanyp gelmegi mümkin" diýip, dilden düşürmän ýörkä, birden Moskwanyň merkezinde “kontrollykdan çykan” bir süri fanatik peýda bolup, daş keşbi orslara çalymdaş däl adamlary urup-ýenjip başlaýar. Olaryň golaýdaky metro duralgalarynda bolan her bir gara saçla hüjüm etmegi hemmelere ýurda bir täze aýylganç howpuň abanyp gelýändigini duýdurdy.

Bu edil 1999-njy ýylyň wakalaryna meňzeýär. Şol ýyl köp kwartiraly ýaşaýyş jaýlarynda ençeme bomba partlap, ýüzlerçe adamyň başyna ýetdi. Ýogsa-da, bu waka Beslanda bir mekdebiň zamun alnyp, 300-den köpräk çaganyň ölen ýyly bolan 2004-nji ýyly ýatladýar. Bu wakalaryň ikisinde-de milli liderimiz bizi halas etmek üçin bir em hödürledi. Bularyň birinjisiniň emi Çeçenistanda täze uruş boldy. Ikinjisijisinde-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetleriň başlyklarynyň halk tarapyndan göni saýlawy ýatyryldy. Sanlyja liberallar bolýamasa, hiç kim "Bu krizisler nädip, edil gerekli wagty gabat gelýär?" diýen soragy öz-özüne berip, azara galybam ýörmedi.

Indi ýene-de Wladimir Putin özüniň gorka düşen ýurduny halas etmegi wada edýär. Prezidentimiz Hindistanda gezip ýörkä, ýurduň hakyky ýolbaşçysy fanatik toparlaryň baştutanlary bilen duşuşýar. Olara dogrudan dogry zatlary aýdýar. Ol özüňden tapawutlylary heläklemegiň ýurdy nähili dargatjakdygyny suratlandyrýar. “Muňa ýol bersek, biziň barjak ýerimiz Beýik Orsýet däl-de, öz içinden bölek-büçek bolan territoriýa bolar. Onsoň ony her bir adam dyza çökerip biler”. Bu fanatik toparlar ors däl ilaty urup-ýençmegiň daşky gara güýçleriň bähbidinedigine düşünmeli. Beslan hüjümleriniň başyny başlan Orsýetiň ýadroly güýç bolmagyny islemeýän şu gara güýçler.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Premýer-ministriň bu howpa jogap diýip sanaýanlary bu talaňçylygy edýänleri doly kanagatlandyrjak zatlar. Putin şeýle diýýär: “Meniň bu aýdýanlaryma düşünmesek, onda näme edip bolar? Biz tutuş ýurtda registrasiýa düzgünlerini güýçlendirmeli bolarys. Aýratyn-da Moskwada, Peterburgda we beýleki uly şäherlerde”. Milletçilik tolkunynyň öňüni almagyň ýeke-täk çözgüdi hüjüme uçramagy mümkin adamlary merkezden daşlaşdyrmak. Putiniň başga çözgüdi ýok.

Biziň ýurdumyz ýene bir gezek ”halas edilmegiň” bäri ýanynda dur. Milli lideri prezident saýlamak ýurdy bu gorkudan halas etmek üçin tölenjek uly bir baha däl. Biziň häzir ýüzbe-ýüz bolýanymyz, liberal analizçileriň ençeme wagt bäri aýdyp gelýän zady: siwilizlenen (ýewropaly!) häkimiýetler bilimli gatlagy “wagşy ors halkyndan” halas eder. Ýöne gülkünç zat: ýurdy jaý wagty halas etmek we şol bir wagtda-da köneden galan algy-bergilerini hasaplaşmak üçin bu wagşyçylygy ekýänleriň şu häkimiýetleriň hut özüdigi.

Aleksandr Golts "Ýeždnewny žurnal" neşiriniň redaktorynyň orunbasary. Bu kommentariýa ilki başda şol žurnalda çap edildi, ondaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG