Sepleriň elýeterliligi

2010 dawalara-da baý boldy


Tebigaty goraýjylar Meksika aýlagyna nebitiň akmagyny ýazgaryp çykyş edýärler. Mehiko şäheri, 22-nji iýul, 2010.

Tebigaty goraýjylar Meksika aýlagyna nebitiň akmagyny ýazgaryp çykyş edýärler. Mehiko şäheri, 22-nji iýul, 2010.

Geçip barýan 2010-njy ýyl habar serişdeleriniň üns merkezine öwrülen dawaly wakalara-da baý boldy.


Şu ýyl “Britiş Petroleum” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň Meksika aýlagyndaky nebit turbasynyň ýarylyp, aýlaga nebitiň guýulyp başlamagy bilen bagly waka boýunça eden beýanatlary ýolbaşçylaryň şeýle wakalarda nähili çykyş etmeli däldiklerine gowy mysal bolup biljek bir waka bolupdy.

“Britiş Petroleum” kompaniýasynyň ozalky ýerine ýetiriji direktory Antoni Haýwardyň öz kompaniýasynyň günäsi bilen deňze nebit guýulmagynyň howpuny ýuwmarlap görkezmek ugrunda eden synanyşyklary amerikalylary asla köşeşdirip bilmändi. Habarçylara beren interwýularyndan birinde ol Meksika aýlagyna guýulýan millionlarça barrel nebiti okeana daman bir damja bilen deňeşdirmäge çalşypdy.

“Britiş Petroleum” kompaniýasynyň Şwesiýadaky bölüminiň başlygy Karl-Henrik Swanberg bu wakadan ejir çekjek aýlagyň kenaryndaky ilaty «az-owlajyk ilat» diýip atlandyrmak bilen, gahar-gazabyň has-da möwjemegine sebäp bolupdy.

Gordon Braun kyn ýagdaýa düşdi

Şu ýylyň aprelinde Britaniýadaky saýlaw kampaniýalarynyň barşynda şol wagtky premýer-ministr Gordon Braunyň öz Leýboristik partiýasyny goldaýjylardan biri bolan 65 ýaşly Gillian Duffi bilen geçiren duşuşygyndan soň, öz geýimine berkidilgi mikrofony öçürmän maşynyň içinde aýdan sözleri Gordon Brauny soň kyn ýagdaýa salypdy.

Şol wakada Gillian Duffi Gordon Braunyň immigrasiýa syýasatyny sorag astyna alyp, Braun bilen birneme çekeleşipdi. Bu duşuşykdan soň ulagyna giren Gordon Braun öz komekçisine ýüzlenip «Meni ol aýal bilen duşurmaly däldiler. Ol bir yňdarma aýal» diýip, gürrüň edipdi, onuň bu sesi bolsa daşky kolonkalarda hemmelere eşidilipdi.

Oz aýdan bu ýakymsyz sözleri üçin Gordon Braun soň Gillian Duffiden ötünç soramaly bolupdy. Onuň bu çykyşy Leýbroistik partiýanyň saýlaw kampaniýasy üçin hem pozitiw waka bolmady.

Şol saýlawlardan soň Britaniýanyň parlamentinde konserwatorlaryň we liberal demokratlaryň koalisiýa döretmekleri netijesinde Dewid Kameron premýer-ministrlik wezipesine eýe bolupdy.

MkKristal wezipesinden gitdi

2010-njy ýylda habar serişdeleriniň üns beren dawaly wakalaryndan ýene birem Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçleriniň ozalky komanduýuşisi general MkKristalyň «Rolling Stone» žurnalynyň habarçysyna beren interwýusynda amerikan administrasiýasynyň Owganystandaky syýasatyny tankytlap eden çykyşy boldy.

Şol wakadan kän wagt geçmänem, ol özüniň bu wezipesinden çekildi. Onuň wezipesinden çekilmeziniň öňýany Ak Tamyň metbugat sekretary Robert Gibbs habarçylara beren interwýusynda general MkKristalyň eden çykyşyna prezident Obamanyň örän gaharlanandygyny aýdypdy.

Eýranyň ruhanysy gülki döretdi

Şu ýylyň aprelinde Eýranyň esasy dini liderlerinden biri Hojatoleslam Kazem Sedighiniň Tähranyň esasy metjidinde juma namazy wagtynda eden çykyşy hem habar serişdeleriniň kinaýaly tankytlaryna sebäp bolupdy.

Ruhany Kazem Sedighi «Köp aýallar salyhatly geýinmeýärler, bu bolsa ýaş oglanlary ýoldan çykarýar, olaryň päkligini bozýar we jemgyýetde jynsy azgynçylygyň ýaýramagyna getirýär, ahyrky netijede-de ol ýer yranmalaryň köpelmegine sebäp bolýar» diýipdi.

Eýranyň ruhanysynyň bu çykyşynyň üstünden gülnüp, 26-njy aprelde hatda ýeňil-elpaý geýinmek boýunça ýaşlar tarapyndan halkara aksiýa hem gurnaldy.

Putiniň sözi ýalana çykdy

2010-njy ýylda köpçülikleýin habar serişdeleri Orsýetin premýer-ministri Wladimir Putiniň jemgyýetçilik işlerini-de ünsden düşürmedi. Aýratynam, onuň Orsýetde öndürilýän «Lada Kalina» maşynyny reklama etmek üçin onuň şol markadaky bir maşynda Sibiriň ýollaryndan 2 müň kilometr aralygy geçendigi barada döwlet telewideniýesinde berlen maglumat birneme soňra ýalana çykarylypdy.

Hususan-da, Putiniň bu maşyny «amatly we ygtybarly ulag» diýip öwendigine garamazdan, ýol ugrunda adaty ýaş oglanlaryň mobil telefonda surata düşüren we internete ýerleşdiren wideo ýazgysy bütinleý başga ýagdaýy görkezipdi.

Ýaşlaryň ýazga alan şol wideo ýazgysynda Putiniň münüp barýan «Lada Kalina» maşynyndan daşary onuň yzy bilen, ätiýaçdan, ýene şolar ýaly maşynlaryň birnäçesiniň barýandygy we ýolda döwlen şol maşynlardan biriniň bolsa eýýäm ýük maşynda alnyp gidilip barylýandygy görünýär.
XS
SM
MD
LG