Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gallup: “Türkmenleriň 38%-i jaýdan kösenýär”


Jaý meselesi barada öňki prezident Saparmyrat Nyyazowyň döwründe ejir çekenleriň köpüsi täze jaý gurjak diýlip, köne jaýlary ýykylan adamlardan ybarat bolupdy.

Jaý meselesi barada öňki prezident Saparmyrat Nyyazowyň döwründe ejir çekenleriň köpüsi täze jaý gurjak diýlip, köne jaýlary ýykylan adamlardan ybarat bolupdy.

ABŞ-da ýerleşýän “Gallup” edarasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň netijesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 38 prosenti ýaşaýyş jaý üpjünçiligi boýunça dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz.

128 ýurdy öz içine alýan şol hasabatda Kanadada, Amerikada we Ýewropada ýerleşýän ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň bu meselede kynçylyklarynyň beýleki regionlardyr ýurtlar bilen deňeşdirilende gowudygy aýdylýar.

Ýerasty baýlyklary boýunça dünýäda dördünji orunda durýan Türkmenistanda jaý meselesi sowet döwründen bäri uly problema bolup galýar. Emma, käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk döwründe bu problema ilatyň belli bir gatlagy üçin krizise öwrüldi.

Lebap welaýatynda

Lebap welaýatynyň Kerki (häzirki ady Atamyrat) şäheriniň ýaşaýjysy Ogulbibi Gurbanowa hem şeýle raýatlaryň biri. Onuň aýtmagyna görä, ol birnäçe ýyldan bäri kakasynyň ýeňil maşyn saklamak üçin guran köneje garažynda ýaşaýar.

Ogulbibiniň ýanynda mekdebiň birinji klasyna gatnaýan 8 ýaşly gyzjagazy-da bar. Ol Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren interwýusynda jaý almak üçin 1997-nji ýylda hökümete ýüz tutanlygyny belläp, ýöne henize çenli öz arzasyna oňyn jogap alyp bilmänligini aýdýar.

“1997-nji ýylda Atamyrat şäherinde ýaşaýyş jaýyny almak üçin nobata durdum. 2003-nji ýylda adamymdan aýrylyşdym. Garamagymda bir gyzym bar. Häzir atamyň köneje garaž jaýynda ýaşaýaryn” diýip, Ogulbibi atly zenan aýdýar.

Türkmenabat şäheriniň bir ýaşaýjysy bolsa 14 adamly maşgalasy bilen iki otagly jaýda ýaşaýanlygyny aýdyp, jaý almak üçin 18 ýyldan bäri nobata duranlygyny, emma hökümetden oňyn jogap alyp bilmänligini aýdýar.

“Maşgalamda 14 sany adam bar, iki otagly jaýda ýaşaýarys. 18 ýyldan bärem nobata durun. Öý-hojalyk edarasynyň jaý paýlaýan bölümine birnäçe gezek bardym. Emma çagyryp bir boş kagyza gol çekdirip alyp, pasportyň arasyna goýup 500 dollar getirseň jaýyny şu gün çözüp bereris diýdiler” diýip, türkmenabatly zenan aýdýar.

Ahalda we Aşgabatda

Ýagdaý Abadan şäherinde hem tapawutly däl. Abadan şäheriniň öňki ýaşaýjysy jaý ugrundan çekýän kynçylyklary hakda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren interwýusynda şeýle diýýär: “2005-nji ýylda jaýymyzy ýykdylar. Bizi taşlanan edaralarda, kontor jaýlarynda ýerleşdirdiler. Özem köp otursaňyz, iki ýyl oturarsyňyz diýip saldylar”.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirýär: “Häzir biz şol edarada ýaşap ýörüs. Ýaşap oturan ýerimiz gaty hapaçylyk. Mysal üçin, biziň ýaşap oturan ýerimiz Abadan şäheriniň asfalt we daş döwýän zawutlarynyň ýanyndaky taşlanan bäşinji maşyn garažynyň içi. Hapaçylykdan keselläp ölen adamlaryň sany ýok” diýip, abadanly zenan aýdýar.

Jaý problemasyndan ejir çekýänler diňe zenan maşgalalar ýa belli bir etrabyň ýaşaýjylary bolman, Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna interwýu beren 80 ýaşyndaky bir ýaşuly hem bu kynçylykdan kösenýänleriň biri. Ol şeýle diýýär: “Ömür boýy işledim, zähmet çekdim, döwletim üçin, halkym üçin. Hiç bir döwletiň öňünde eden günäm ýok. Näme üçin şu jaý meseläni çözenoklar? Jaýymy elimden aldylar. Nirede ýaşamaly? Nädip ýaşamaly? Huday bilsin. Kömek edýän ýok”.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirýär: “Şu döwletden ýaman gaty gördüm men, şu döwletiň işgärleri şu meseläni çözmel-ä, meniň ýaşymdaky adamlar jaýsyz köçede entäp ýörmelimi? Köçede ýatyp-turmalymy? Podwalda ýatmalymy? Wokzalda ýatmalymy? Ýeke men däl jaýsyz kösenip ýören. Müňlerçe adamlar jaýsyz kösenip ýörler. Ýüz tutmadyk ýerlerem ýok, ol meselä seredýänem ýok”.

Prezidentiň wadasy

Jaý meselesi barada öňki prezident Saparmyrat Nyyazowyň döwründe ejir çekenleriň köpüsi täze jaý gurjak diýlip, köne jaýlary ýykylan adamlardan ybarat bolupdy. Olaryň käbirleri özlerine täze ýaşaýyş jaylaryndan ýer bermegi wada edendiklerini, emma hökümetiň öz wadasynda tapylmanlygyny aýdýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow prezident hökmünde wezipä başlan badyna bu meselä özüniň aýratyn üns berjekdigini aýdypdy.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 14-de, ýagny resmi taýdan ýurduň prezidenti hökmünde wezipä başlan güni, eden ilkinji çykyşynda bu mesele hakda şeýle diýpdi: “Men Türkmenistanyň prezidenti hökmünde ilaty ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns bererin. Beýik Serdarymyzyň başlan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işini dowam etdirerin. Şeýle jaýlar diňe Aşgabatda däl, eýsem ýurduň ähli ýerlerinde gurlar. Hususy jaý gurmak we satyn almak isleýänlere ýeňillikli karzlar berler”.

Edilen bu çykyşdan soň aradan ep-esli wagt geçdi, emma Türkmenistanyň ýaşaýjylary tarapyndan öňe sürülýän pikirlerden, şeýle-de “Gallup” edarasy tarapyndan düýnki çap edilen hasabatyň netijesinden çen tutulsa, bu ugurda käbir zatlar edilenem bolsa, onuň henize çenli ýeterlik däldigi göze ilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG