Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: ÝHHG türkmen žurnalistlerine tälim berýär


Aşgabatda geljekki metbugat-attaşeleriniň, daşary ýurt habarçylarynyň we aragatnaşyk işgärleriniň bir topary häzirki zaman dünýä žurnalistikasy boýunça leksiýalar tapgyryny diňlediler.

Üç günlük seminar okuwy ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň ýanyndaky Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnaldy.

Anna güni soňlanan seminara halkara žurnalizmi ugrundan okaýan üçünji kurs studentleri gatnaşdy.
Bu barada ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi habar berýär.
XS
SM
MD
LG