Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Medwedew Lukaşenkony gutlaýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenkony prezidentligiň dördünji möhletini utmagy bilen gutlady.

Günbatar döwletleri Belarusdaky prezident saýlawlarynyň demokratiki esasda geçirilmändigini aýdyp, oppozisiýa goldawçylarynyň gazaply basylyp ýatyrylmagyny ýazgaryp çykyş edipdiler.

Rus habar gulluklary Medwedewiň metbugat sekretary Natalýa Timakowa salgylanyp, Lukaşenkonyň adyna formal gutlag hatynyň iberilendigini ýazýarlar.

Minskide anna güni çap edilen resmi netijeler Lukaşenkonyň saýlawçylaryň segsen prosente golaýynyň (79,6) sesini alandygyny, onuň iň golaý bäsdeşiniň bolsa diňe 2,4 prosenete golaý ses alandygyny görkezýär.

Medwedew hepde başynda bu saýlawlaryň Belarusyň «içki işidigini» aýdypdy.
XS
SM
MD
LG