Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Orsýet bilen täze ýadro gepleşiklerini geçirmekçi


«Nýu Ýork Taýms» gazeti amerikan hökümetiniň geljek ýyl, söweş meýdanyna niýetlenen kiçiräk ýadro ýaraglaryna kanuny çäklendirme girizmek üçin, Orsýet bilen ýadro ýaraglary baradaky gepleşikleri dowam etdirmegi planlaşdyrýandygyny ýazýar.

Umuman 480-645 km aralygyna ýetýän we şondan pesräk ýaraglar taktiki ýarag hasaplanýar.

«Nýu Ýork Taýms» gazeti Birleşen Ştatlarda 500 çemesi taktiki ýaragyň bardygyny ýazýar.

Raport Orsýetiň bu hili ýaraglarynyň sanynyň 2 müň bilen 6 müň aralygyndadygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG